Harmanlar beýgelýär

10 Oktýabr 2021
939

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşigi gallanyň, pagtanyň öndürilişinde her bir ýyly guwandyryjy görkezijiler bilen jemleýär. Daýhan birleşigiň kärendeçiler toparlarynyň ýer eýeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ekiş geçirilen 1232 gektardaky gowaça meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ideg işlerini geçirip, bereketli hasylyň kemala gelmegini gazandylar. Munuň şeýledigine gowaçaly atyzlardaky açylan gozalara gözüň düşende has aýdyň göz ýetirýärsiň.

Pagta ýygymy Bazar Bäbekowyň baştutanlygyndaky 2-nji kärendeçiler toparynda has gyzgalaňly barýar. Toparyň kärendeçileriniň eýeçiligindäki ekin meýdanynyň möçberi 84 gektara barabar. Şol meýdanlaryň gowaça düýplerindäki açylyp oturan gozalary göreniňde, şeýle hasylyň kemala gelmegi üçin daýhanlaryň bimöçber zähmet çekendigi aýan bolýar. Toparda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň abyny-tabyny kemsiz ele alan kärendeçiler az däl. Şolaryň biri-de, Akjemal Seýitmyradowa. Kärendeçi gelniň ygtyýarynda gowaçaly meýdanyň 1,40 gektary bar. Şol ýerden meýilnama laýyklykda, 2,338 kilogram pagta öndürmeli. Bitginli hasyly ýetişdiren daýhan gelniň ýoldaşy Hanmät Toýlyýew öz maşgala agzalary bilen ilkinjileriň hatarynda pagta ýygymyna girişdiler. Gündelik ýyglyp, harmana getirilýän hasyl 180 — 200 kilogram möçberde bolup, kärendeçi gelin pagta öndürmegiň şertnamalaýyn borçnamasyny artykmajy bilen ýerine ýetirip, 3,570 kilogramdan gowrak pagtany Watan harmanyna tabşyrdy.

Altybaý ALLABAÝEW,
TAP-nyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap komitetiniň başlygy.