Goýunlaryň güýz ýüňüniň ähmiýeti

10 Oktýabr 2021
1103

Biziň ýurdumyzda goýunlaryň, esasan, saryja we garaköli tohumlary ösdürilýär. Saryja goýunlary et-ýag we ýüň ugurly, garaköli goýunlary bolsa bagana ugurly tohumlara degişlidir.

Saryja goýunlary Türkmenistanyň çäginde halk seleksiýasynyň parasatly usullary arkaly döredilen tohumdyr. Bu mallar et-ýag we ýüň ugurly tohum bolup, guýrukman goýunlara girýär. Saryja goýunlary daýhan birleşikleri boýunça, esasan, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Gökdepe we Bäherden etraplarynda ösdürilýär, hususy eýeçilikde bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Bu goýunlar türkmen halylary üçin gymmatly çig mal bolan ýarym irimçik ak ýüňi, ýokary hilli et-ýag önümini we ýüňli derileri almak üçin saklanylýar. Garaköli goýunlary bilen deňeşdirilende, özüniň çalt semremäge bolan ukyby, ýokary et-ýag önümliligi (olar iri mallar bolup, diri agramy garaköli goýunlaryňkydan 8 – 10 kilogram köpdür) we gymmatly ak ýüňi berýändigi bilen tapawutlanýar.

Maýagül KÖMEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.