Bugdaýyň täze döredilen «Garaşsyzlyk – 30» sorty

3 Oktýabr 2021
1275

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna edermen gallaçylarymyz türkmen topragyndan Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu ýetilen sepgidiň özeninde biziň seçgiçi alymlarymyzyň hem mynasyp paýy bar. Biziň institutymyzyň janypkeş alymlary tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli güýzlük ýumşak bugdaýyň «Garaşsyzlyk — 30» atly täze, döwrebap sorty döredildi hem-de döwlet synagyny geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikleriň döwlet sort synag edarasyna tabşyryldy.

Guşgursak ak bugdaýyň «Garaşsyzlyk — 30» sorty «Türkmenistanda bugdaýyň ýokary hasylly sortlaryny döretmek we ilkinji tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmak» atly tema boýunça oba hojalyk ylymlarynyň doktory Döwletgeldi Myradowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetirilýän doktorlyk dissertasiýa işimiziň netijesinde döredildi.

Güljemal TAÝLAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Däneli, kösükli däneli ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.