Kosmosda burç gülledi

10 Oktýabr 2021
1154

Halkara kosmos bekedinde ilkinji gezek burç gülledi. Bu barada amerikaly astronawt Megan Mak Artur özüniň «Twitter» jemgyýetçilik torundaky sahypasynda mälim etdi.

— Kosmosdaky ajy burçumyz gülledi. Biz bir hepdeden burçuň miwelerini görüp bileris — diýip, astronawt belledi.

Nepes SAPARNAZAROW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyby.