Kelem — melhem ösümlik

10 Oktýabr 2021
1018

Amerikaly alymlar kelemiň ýygy-ýygydan ulanylmagynyň ömri uzaldýandygyny, bedeni onkologiýa kesellerine sebäp bolýan howply çişlerden goraýandygyny subut etdiler.

Kelem K we V6 witaminlerine, kalsiý, kaliý, tiamin we foliý kislotasyna baýdyr. Mundan başga-da, onuň düzüminde C witamini we marganes ýaly antioksidantlar bar. Önümdäki sulforafan bolsa howply täze döremelere we dürli bakteriýalara garşy göreşýär. Hut şu birleşme aşgazanasty mäzinde howply täze döremäniň öňüni almaga ýardam berýär.

Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.