Garaşsyzlykdan galkynan oba hojalygy

3 Oktýabr 2021
990

Halkymyz her ýylyň güýzünde döwlet derejesinde naýbaşy baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçýär. Eziz Diýarymyz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň köp ugurlardaky ösüşiniň gözbaşy bolup, dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekip, halkara derejesinde abraýyny artdyrdy we döwletimiz dünýäniň iň çalt ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzda obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda, sanly ulgam arkaly ýerden bol hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge, daşary döwletlerden getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ornuny çalyşmaga hem-de eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal-ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Merdan BABAKULOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.