«Saglyk» Döwlet maksatnamasy we saglyk hukugy

10 Oktýabr 2021
914

Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmegiň, ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmegiň esasy ugurlary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde bellenendir. 2021-nji ýylyň 26-njy martynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň saglygy goraýyş bilen bagly maksatlaryna salgylanyp, onuň görkezijilerinden ugur alynýandygyny görmek bolýar. Maksatnamada raýatlaryň saglygyny ömrüniň ähli tapgyrynda goramak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşy bilen baglylykda döreýän keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini kämilleşdirmek bellenilýär. Şeýlelikde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi saglygy goraýşyň kämil we ygtybarly ulgamyny kemala getirmäge, Türkmenistanyň dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki derejesini has-da belende götermäge ýardam berýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň maksady adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmekden, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmekden hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybarat bolup durýar.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.