Dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygy berkeýär

3 Oktýabr 2021
1124

1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Özbegistan Respublikasyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy we himiýa senagaty üçin harytlary satyn almak boýunça taýýarlanýan teklipler barada hasabat berdi.

«Bereketli toprak».