Ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň gerimi giňeýär

31 Oktýabr 2021
767

Dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmak, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky söwdaykdysady hyzmatdaşlyklary, dostdoganlyk gatnaşyklaryny hasda berkitmekde ulag-üstaşyr geçelgeleri möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň hukuk binýady bolup, «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Olar özara söwdaykdysady hyzmatdaşlygy kanunçylyk esasynda giňeltmäge, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny çalt kemala getirmek bilen baglylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, sebit döwletleriniň ösüşine hem güýçli itergi berýär. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar.

Maksatberdi GURBANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.