Ýyladyşhanada hyýary topraksyz şertlerde ösdürip ýetişdirmek

7 Noýabr 2021
925

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýyladyşhanalarda hyýary ösdürip ýetişdirmek iki möwsümde amala aşyrylýar. Hyýary güýz-gyş möwsüminde ösdürip ýetişdirmek üçin awgust aýynyň 20-sinden sentýabr aýynyň başyna çenli ekmeli. Gyş-ýaz möwsüminde ösdürip ýetişdirmek üçin 25-30 günlük şitilleri ýanwar aýynyň birinji ýarymynda ýyladyşhanada 80x40 santimetr çyzgyt boýunça oturtmaly.

Hyýar özüniň ahli ösüş döwründe ýyly howany gowy görýär. Onuň tohumy 12 – 13 dereje ýylylykda gögerip başlaýar. Ösüş döwründe oňa ýaramly ýylylyk 25 – 30 derejedir. Ýyladyşhanada ösümlikler gögerenden soň onuň içiniň ýylylygyny kadaly ýagdaýda saklamaly. Şonda ýylylyk gündizlerine açyk howada 25 – 28, bulutly günlerde 20 – 22, gijelerine bolsa, 18 gradusdan aşak düşmeli däl. Eger-de ýyladyşhananyň içiniň ýylylygy 15-den aşak ýa-da 35 derejeden ýokary bolsa, ösümlikler düwmesini bes edýär. Hyýar üçin ýyladyşhananyň içiniň çyglylygy 85 – 95 göterim bolmaly.

Merdan PIRLEKOW,
Miweçilik, üzümçilik we gök ekerançylyk kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.