Topragy özleşdirmegiň ylmy esaslary. Bu oba hojalyk önümlerinden bol-bereketli hasyl almagyň çelgisidir

24 Oktýabr 2021
976

Gahryman Arkadagymyz oba hojalygynyň ylmy esaslarda ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Her bir geçirilýän agrotehniki işleriň ylmy esasda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtaýar. Agrotehniki işleriň ylmy esasy bolsa, toprak-howa şertlerine laýyklykda, çäreleri öz möhletinde, bellenilen kada-düzgünleri doly berjaý edip geçirmekden ybaratdyr.

Ekinleriň görnüşleri, olaryň aýry-aýry sortlary, howanyň sowuklygyna çydamlylygy, gyzgynlyga bolan talaby boýunça biri-birinden tapawutlanýar we geçirilýän ylmy işlerde kada salyp bolmaýan şert hökmünde hasaba alynýar. Mysal üçin, gowaça ekişi topragyň durnukly gyzgynlygy talap edilýän 10-12 derejä baranda başlanýar, ýazlyk ýorunjanyň tohumy topragyň durnukly gyzgynlygy 2-3 dereje bolanda-da gögermäge ukyplydyr. Howanyň gyzgynlygy 5 derejeden pese düşende bugdaý ösümliginiň ýerüsti böleginiň, 2 derejeden pese düşende bolsa, kökleriniň ösmegi togtaýar. Şol döwürde agrotehniki, aýratyn-da, haşal otlara ýa-da zyýankeş mör-möjeklere garşy göreş çäreleriniň geçirilmegi gowy netije bermeýär. Howa şertleri welaýatlar boýunça, hatda bir welaýatyň çäginde ýerleşen etraplaryň arasynda-da tapawutlydyr. Ekinleriň tiz ýetişgenlik döwri hem howanyň gyzgynlygyna bolan talaby bilen kesgitlenýär. Şoňa görä-de, olar ir, aralyk möhletde we giç ýetişýän toparlara bölünendir. Howa şertleriniň amatly ýa-da amatsyz gelmegi agrotehniki işleriň ylmy esasda geçirilmegine görnetin täsir edýär. Şol sebäpli her hili şertler üçin anyk maglumat almak maksady bilen, ylmy işleriň geçirilýän döwri 3-5 ýyl, hatda ondan-da köpräk wagt dowam edýär.Toprak-howa şertleriniň, ylmy netijeleriň göz öňünde tutulmazlygy, möhletleriň, haýsy hem bolsa biriniň bozulmagy hasylyň peselmegine getirýär.

Şamyrat AKMYRADOW,
oba hojalyk ylymlarynyň doktory.