Dünýäde iň uly kädi

24 Oktýabr 2021
1368

Italiýaly fermer dünýäde iň äpet kädini ösdürip ýetişdirdi, onuň agramy 1226 kilograma deň boldy. Bu barada ýurduň «Lo Zuccone» neşiri habar berýär.

Italiýanyň Peççoli diýen ýerinde geçen «Festa dello Zuccone» oba hojalyk önümleri festiwalynda ýerli daýhan Stefano Kutrupi «pälwan» kädini jemagata görkezdi. «Onuň ýetişdiren bakja önüminden müňlerçe kädili gutap taýýarlap boljak» diýip, ýerli adamlar degişýärler.

Maksatmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.