Şaly orulýar

24 Oktýabr 2021
1275

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna şaly hasylyny almagy maksat edinýän gallaçy-kärendeçiler ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda gymmatly azyklyk ekin bolan şalynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Şu günler daýhan birleşiginde şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär.

Hojalykda ýetişdirilen hasyly öz wagtynda isrip etmän ýygnap almak üçin ähli çäreler görülýär. Daýhan birleşiginde orak orujylaryň 60-sy öndürijilikli işledilýär. Olaryň güýji bilen her günde ýüzlerçe gektar meýdanyň şalysy ýygnalýar. Sapargeldi Täşliýew, Kakageldi Kakabaýew, Haldurdy Seýitnazarow, Berdi Baýramow ýaly mehanizatorlar öz erk edýän kombaýnlarynda has-da öndürijilikli işlemegiň hötdesinden gelýärler. Ýyglan şalyny galla kabul ediş nokadyna daşamakda «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň dürli kysymly awtoulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanylýar.

Oguljemal BERDIÝEWA,
TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň hasapçysy.