Penjiräniň öňündäki gök ekinler

31 Oktýabr 2021
765

Adamlaryň käbiri gyşda öýüň penjiresiniň öňünde gök ekin ösdürýärler, ýöne onuň zähmetini we beýleki zerurlyklaryny göz öňünde tutup, bu işiň hysyrdysyndan çekinýänler hem bar. Bizem penjiräniň öňünde gök ekinleriň hiç hili çykdajysyz ýetişdirilişini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Bu usulda gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça yşyklandyryş ulgamy, tohum gerek däl.

Käşir. Bu ösümlik bişirilende, ol arassalanyp, düýbi kesilýär. Käşir düýpleriniň kesilen tarapyny aşak edip, gaba ýerleşdirmeli. Penjiräniň öňünde goýmaly. Wagtal-wagtal suwarmaly. Iki hepdäniň dowamynda käşiriň ilkinji gökleri (ýaşlary) peýda bolup başlaýar. Käşirden ösüp çykan gökler peýdaly witaminleri öz içine alýar.

Sähragözel AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.