Aralyk ekinleriň hasyly ýygnalýar

24 Oktýabr 2021
954

Toprak bilen iş salyşýan daýhanlar özleriniň köp ýyllyk iş tejribelerinde aralyk ekinleri ekmek işine uly ähmiýet berýärler. Aralyk ekinleriň ösüp kemala gelşini we hasyl berşini kemsiz öwrenen daýhanlar olary gezekleşdirip ekmek bilen, hem-ä topragyň düzümini baýlaşdyrýarlar, hem-de goşmaça girdeji gazanýarlar.

Şu günler biziň etrabymyzda hem aralyk ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri gowşamaýan depginde, guramaçylykly dowam edýär. Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» medallarynyň eýesi Akbibi Jumageldiýewa hem indi 4 ýyldan bäri bugdaýdan boşan kärende ýerine ýer hozuny ekip gelýär. Ýer hozunyň hasyly 90-100 günde ýetişýär. Geçen ýyl 2 gektar meýdana ekilen ýer hozunyň her gektaryndan 28 sentner hasyl alan kärendeçi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 4,3 gektar ýerde bu ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirdi. Şu ýyl her gektardan 30 sentner hasyla garaşýan kärendeçi bilen ekin meýdanynda söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Sonagül HUDAÝBERENOWA,
TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni.