Garpyz turpy

31 Oktýabr 2021
886

Garpyz turpy — bakja ekinleriň arasynda iň täsinleriniň biri bolsa gerek. Onuň içi edil garpyzyňky ýaly gyzyl we süýji bolýar. Bu sort ilkinji bolup Ýewropada döredilýär, emma hakyky meşhurlygy Amerikada gazanýar. Turpuň bu görnüşini hatda Halkara kosmos stansiýasynda hem ösdürip ýetişdirdiler.

Bu ösümligiň ortaça uzynlygy 7-8 santimetre barabar. Garpyz turpy natriý, kalsiý, magniý, ftor, fosfor, demir ýaly mikroelementlere baýdyr. Şeýle-de, onuň düzüminde salisil kislotasy saklanýar. Gyşda witamin ýetmezçiliginden tapdan düşen bedeni gurplandyrmak üçin garpyz turpy iň oňat bakja ekinidir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Äşe TäJIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mugallymy.