Tebigatyň we ynsanyň özara baglanyşygy hakynda kelam

31 Oktýabr 2021
843

Türkmen halkynyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden Magtymguly Pyragynyň çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyla golaý wagt bäri ynsanlaryň ruhuny ganatlandyryp gelýär.

Beýik akyldaryň döredijiliginde meňzetme häsiýetli setirler aýratyn orny eýeleýär. Daş-töweregini gurşap alan tebigata, haýwanat we ösümlik dünýäsine içgin nazar salan akyldar ondaky dürli görnüşleri — bir zadyň başga bir zat bilen meňzeşligini görüp, ony ussatlarça çeperçilik galybyna salypdyr. Dürli täsinlikleri suratlandyryp, beýan etmek, adamyň ýüz keşbindäki, häsiýetindäki aýratynlyklary tebigatyň gözellikleri bilen baglanyşdyrmak onuň poeziýasynyň liriki estetikasyna öwüşgin çaýypdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.