Ysmanagyň meýdan şertlerinde ösdürilip ýetişdirilişi

24 Oktýabr 2021
1088

Ysmanak peýdaly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba ýerlerinde ildeşlerimiziň köpüsi öz melleklerinde hem ysmanagy ösdürip ýetişdirýärler. Bu birýyllyk ösümlik örän çalt ýetişýän, sowuga, kesellere we zyýankeşlere garşy durnuklydyr. ysmanak gyş aýlarynda howanyň temperaturasy – 6, – 8 derejä çenli ýetip, gysga wagtlyk doňaklygy örän ýeňil geçirýär.

Gurply we ýumşak topraklarda ysmanak bitginli bolýar. Ysmanak ekilen joýalar Güne tarap garap durmaly, joýalaryň boýy gaty beýik bolmaly däl. Ysmanak çyglylygy halaýan ösümlik. Şonuň üçin hem kähalatlarda suwaryşda suw akyp gitmez ýaly onuň joýalaryny perimetre görä salmajykly hem edýärler. Munuň özi ysmanaga edilýän idegi ýeňilleşdirýär. Ysmanagyň ekiljek ýeri saýlananda, toprak bejergisi gowy geçirilen, ozal ders berlip ekilen ekiniň (hyýar ýa-da ýeralma ekilen) meýdanyny saýlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Ysmanak ekiljek meýdanyň 1 inedördül metr meýdanyna ýarym bedre çüýrüntgi, iki goşawuç kül bermeli.

Merjen KAIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.