Arzuwlar arşa ýetýär sahawatly topragymyzda

14 Noýabr 2021
758

Berekediň pasly hasaplanýan güýz paslynda ene ýere örküni baglan daýhanlarymyz sahawatly topragymyzda der döküp, öndüren dürüni — bol hasylyny ýygnaýarlar. Olar ýerden ýokary hasyl almak ugrunda ýylboýy topraga yhlasyny, zähmetini, mährini siňdirýärler. Hawa, hasyl hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, bugdaý, gowaça, gök-bakja ekinleri, ir-iýmişli, miweli baglary ösdürilip ýetişdirilip, alynýan önümleriň ählisi göz öňüne gelýär. Hasyl sözi arzuwyň hasyl bolmagy, garaşylýan netijäniň amala aşmagy ýaly, söz jümleleri bilen hem baglanyp gelýär. Mahlasy, belli bir maksada gönükdiren amallaryňdan gowy netijäni gazanmak — hasyl almak üçin yhlasyň, zähmetiň, tejribäniň bolmagy möhüm. Hasyl bar ýerinde bolçulyk, rysgal-bereket bar.

Mekdep ýaşyna ýeten çaganyň bilimler dünýäsine gadam basan ilkinji ädimlerinden başlap, göreldeli okuwçylaryň arasynda tanalmak, bilimden ýetik paýyny almak arzuwlarynyň, olaryň ugrundaky yhlasynyň ýerine düşýändigine, wysal tapýandygyna, sapaklara ýetişiginiň görkezijisi bolan «bäşlik» bahasyndan göz ýetirmek bolýar. Mugallym okuwça berýän bilim-terbiýesiniň netijesine birnäçe ýyllaryň dowamynda garaşýar. Ol durmuş ýoluna ataran okuwçysynyň saýlan ýagşy hünärine, haýyrly işlerine, gazanýan abraýyna özüniňki ýaly guwanýar. Daýhan hem arly ýyllap çeken zähmetiniň miwesine, hasylyna garaşýar. Göwün diýen hasylyny alansoň, daýhan oňa öz perzendi dünýä inen dek begenýär. Mahlasy, hasyl, üstünlik — tejribe bilen birlikde wagty hem talap edýär.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».