Mekgejöwen üçin ilkinji halkara merkez

21 Noýabr 2021
987

Hytaý Halk Respublikasynyň Sanýa şäherinde mekgejöwen ösdürip ýetişdirmek boýunça halkara seçgiçilik merkezi dörediler. Ony döretmäge Hytaýyň Oba hojalyk uniwersiteti gatnaşýar.

Şeýlelikde, bu merkez mekgejöweniň seçgiçilik işine bagyşlanan dünýädäki ilkinji halkara derejeli merkez bolar. Merkeziň öňünde duran esasy wezipesi Hytaýyň hökümeti tarapyndan goldanylýan «Bir guşaklyk — bir ýol» atly başlangyja laýyklykda, bu ösümligiň oýlanyp tapylan täze görnüşlerini hyzmatdaş döwletler bilen hem paýlaşmakdyr. Şunda täze görnüşleriň ýokary hasyl berijiligine we dürli kesellere garşy durnuklylygyna aýratyn üns berler.

Aýna AŞYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.