Topragyň gymmaty — ömrümiň hümmeti

14 Noýabr 2021
868

Bir gün hemişelik endigime eýerip, internet torlaryndaky gyzykly hem ähmiýetli habarlar bilen tanyş bolup otyrkam, täsin bir maglumatyň üstünden bardym. Onda ýaponiýaly uzak ýaşan bir zenana uzak ýaşamagyň syry barada sowal berilýärdi. Ol özüniň uzak ömrüniň manysyny durmuşda ähmiýetli bolan kän zatlar bilen baglanyşdyrýar. Kadaly uky, sagdyn iýmitlenmek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, işjeň hereketler, garrandygyňa garamazdan, bilesigelijiligiňi artdyryp, her bir zada gyzyklanmagy başarmak... Zenanyň biri-birinden göwnejaý jogaplaryny yzarlap, üns bilen okap barşyma, onuň iň soňky aýdan zady meni has-da geň galdyrdy.

Ýaponiýaly zenanyň ýüregime jüňk bolan jogaby şeýleräk görnüşdedi: «Eger kim-de-kim uzak ýaşamak islese, hökman öz topragynda bitýän gök önümlerdir miweleri iýmäge ýykgyn etmeli. Çünki adam öz dogup-dörän, önüp-ösen topragyna ruh hem beden taýdan bagly bolýar. Bedeniňi özüňe juda ýakyn hem eziz bolan dogduk topragyňda kemala gelen önümler bilen iýmitlendirmek, ruhuň hem aňrybaş kanagatlanmagyna getirýär. Netijede, bu ýagdaý beden we ruhy sagdynlygyňa örän oňyn täsir edýär. Uzak ýaşamagyň syry bolsa, ynsany emele getirýän şol iki gymmatlygyň sagdyn hem sazlaşykly hereket etmegidir».

Aýgül GARAÝEWA.