Täsin suwoty

14 Noýabr 2021
878

Baý biodürlülige eýe bolan ösümlik dünýäsi özüniň ajaýyplygy, özboluşlylygy, täsin görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle täsin görnüşleriň biri-de, kladaforalar maşgalasyna degişli bolan ýaşyl suwotydyr. Latynça ady «Aegagropila Linnaei» bolup, bu at hem ony açan şweýsariýaly alym K.Linneýiň hormatyna dakylypdyr.

Ýaşyl suwoty süýji suwly köllerde, derýalarda, ýylylygy 18 – 22 0C derejede bolan suwlarda ösýär. Ol Ýewraziýa yklymynda Ýuwaş ummanyndan tä Atlantik ummanyna çenli aralykda duşýar. Seýrek ýagdaýda bolsa, Awstraliýada hem hasaba alnandyr.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.