Merdana daýhanlarymyza ygtybarly goldaw

7 Noýabr 2021
837

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bugdaý we pagta hasylyny öndürijilere döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw bermegiň çäklerinde, olaryň önümçilik harajatlarynyň doly bahasynyň 50 göterimi özleri tarapyndan tölenilip, galan 50 göteriminiň bolsa, döwlet tarapyndan tölenilmegi, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp berilmegi, kärendeçilerimiziň suw we ýeri gurplandyryjy mineral dökünler bilen hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri galkyndyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň netijesidir.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň pagta ýygymynda gutarnykly hasaplaşyklaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ähli etrap şahamçalarynda karz ugurlary açyldy we pagta hasylyny öndürijiler bilen pagta ýygymynyň hasaplaşyklary öz wagtynda bökdençsiz geçirilýär.

Neder NEDEROW,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Karz syýasaty müdirliginiň başlygynyň orunbasary.