Taýýarlyk işleri ýokary derejede

19 Dekabr 2021
1156

Daýhançylyk işlerinde toprakdan bol hasyl öndürmekde oňat netijeleri gazanmak, esasan, kuwwatly tehnikalaryň hem-de oba hojalyk gurallarynyň kömegi arkaly geçirilýän işleriň hiline bagly bolup durýar. Munuň şeýledigine gowy düşünýän Lebap welaýatynyň oba hojalyk işgärleri ýaz ekişinde ulanyljak traktorlaryň hem-de oba hojalyk gurallarynyň abat we aýawly saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň giň gerimde ýaýbaňlanýan häzirki günlerinde welaýatyň ähli etraplarynda geljek ýylyň ýaz ekişinde işlediljek oba hojalyk gurallaryny doly derejede taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu işleriň aýdyň mysalyny welaýatyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň we onuň ýerlerdäki kärhanalarynyň hünärmenleriniň alyp barýan işlerinden hem aýdyň görmek bolýar. Önümçilik birleşiginiň hünärmeni Atamyrat Allakuliýew ekin meýdanlarynda işlediljek oba hojalyk gurallarynyň gözden geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi:

— Geljek ýylyň ýaz ekişinde welaýatymyz boýunça etraplaryň 10-synda hereket edýän tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna degişli bolan gowaçanyň hatararasynyň bejergi işlerini geçirýän tehnikalaryň 1094-si, gowaça tohumyny takyk ekijileriň onlarçasy, mineral dökün berijileriň 366-sy doly abatlanyp, bökdençsiz işlemäge taýýar edildi. Oba hojalyk tehnikalary we gurallary ätiýaçlyk şaýlarynyň ýeterlik mukdary bilen hem üpjün edilýär. Bu işler oýlanyşykly düzülen meýilnama esasynda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly traktorlary we gurallary oba hojalyk pudagynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna uly itergi berip, daýhan göwünlerini galkyndyrýar. Lebap welaýatynyň oba hojalyk işgärleri toprakdan bol hasyl almakda zähmetsöýer daýhanlara döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerini beýan edýärler.

Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz.