Halkymyzyň ýürek sesi

26 Dekabr 2021
691

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan ata Watanymyz, türkmen halky, türkmen topragy» diýen sözler Ýer ýüzüne ýaýrap, ol dünýä halklarynyň ýüreginde parahatçylyk söýüji we dost-doganlyga gol berýän ajaýyp düşünje hökmünde özüni görkezýär. Eziz Diýarymyzyň ady tutulanda, umumadamzat ýaşaýşynyň ebedi asudalygyny, dünýä döwletleriniň jebisligini we şol jebislik bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ähli halklaryň eşretli, abadan durmuşyny üpjün etmegi gazanmagy baş maksat edinýän döwlet göz öňüne gelýär.

Türkmen halkynyň geçmiş taryhyna nazar aýlanymyzda, dünýäde ençeme kuwwatly döwletleri guran ata-babalarymyz ýeňşiň adalatdadygyna, durmuşyň ähli üstünliginiň halal, ynsaply ýaşamakdadygyna pugta ynanypdyrlar. Şol ynamy hem nesilleriň aňyna ornaşdyryp, asyrma asyr biziň şu günlerimize çenli getiripdirler. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, agzybir halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi, döwrebap jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi.

Maksat UWDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.