Obasenagat toplumy: täzeçil usullar

19 Dekabr 2021
928

17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, onuň ekilýän meýdanyny azaltmak we ýeralma, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny hem-de piläniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Bereketli toprak».