Ynam — dostluga, dostluk — ösüşe, ösüş — parahatçylyga ýol açýar

19 Dekabr 2021
1526

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda: «Biziň Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar» diýip belleýşi ýaly, döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden dünýäniň söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, ulag-logistika, ynsanperwer-hukuk, medeni-sport we ekologiýa giňişliginde işjeňlik görkezýär. Beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda guraýan ýurdumyz halklaryň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşdyrylmagyna, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýär. Parasatly pederlerimiziň erk-isleginden kemala gelen asylly ýörelgelerini nusga edinýän mähriban halkymyz özüniň tebigy baýlyklaryny, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine gönükdirýär. Dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk kadalarynda bellenilen adam hukuklaryny hem azatlyklaryny ykrar edýän Türkmenistan parahatçylygy dörediji syýasaty bilen ählumumy howpsuzlygyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar.

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz Türkmenistan bu gün parahatçylygy, oňşuklylygy döwlet hem-de halkara şygaryna çykaryp, dünýä ýurtlaryny birek-birege hormat goýmaga, özara gatnaşyklaryň medeniýetini pugtalandyrmaga çagyrýan ýurt hasaplanýar we hyzmatdaş ýurtlara ynsanperwerlik goluny uzadýan, maddy we ruhy taýdan goldaw-hemaýat edýän, garaşykly we arkalaşykly döwlete öwrülýär. Şeýle abraýa eýe bolan ýurdumyz halkara konwensiýalaryna goşulyşmak bilen, BMG-niň howandarlygynda goňşy we dünýä ýurtlarynyň arasynda strategik taslamalary durmuşa geçirip, umumy durnuklylygy saklamagyň täze ýollaryny açmagy dowam etdirýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Owganystana asuda gurşawy döretmekde, ynamlylygy we agzybirligi berkitmekde, durmuş-ykdysady ulgamyny dikeltmekde, hünärmenleri taýýarlamakda, ynsanperwer kömegini bermekde we owgan tarapyny häzirki dünýä hojalyk gatnaşyklaryna çekmekde amala aşyrýan köptaraply işleri şol ýollaryň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.