«Ýelken» aýakgaplary: ýokary hilli we elýeterli

3 Awgust 2022
1386

«Ýelken» aýakgaplarynyň ady-owazasy öňräkden bäri eşidilýärdi welin, asyl bu köwüşler taryp ederçe bar eken. Ýalpyldysy gözüň ýagyny iýip barýan aýakgaplaryň özboluşly biçüwini, endigan tikilişini, aýagyňda gaýym oturyşyny synlanyňda, el işidigi mese-mälim duýulýar. Beýle diýdigim kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynda öndürilen aýakgaplara dil ýetirdigim däl-de, el güýji bilen taýýarlanylýan harytlaryň has isleglidigini nygtadygymdyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, lebaply telekeçi Arslan Möwlamowyň ýolbaşçylygynda ýüz göterim tebigy deriden elde biçilip tikilýän «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplar häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly islegden peýdalanýar. Öndürilip başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ýerli bazarda bu aýakgaplaryň alyjylarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu kärhananyň dükanlary müşderilere hyzmat edýär. Golaýda Daşoguz şäheriniň Merkez-2 ýaşaýyş jaý toplumynyň çägindäki «Döwletli Diýar» söwda merkeziniň ikinji gatynda hem «Ýelken» haryt nyşanly aýakgap kärhanasynyň ýörite dükany açyldy.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».