Belent Serkerdebaşymyzyň beýik işleri

1 gün öň
18

Watan goragçylarynyň kalby hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan çäksiz alkyşdan dolup dur, ýüregi bolsa, mukaddes Diýarymyzy asuda, parahat topraga öwren, harby gullukçylara nusgalyk mekdep bolýan Beýik Ynsana wepalylyk bilen urup dur. Üns berip diňleseňiz, belent-belent daglaryň kert-kert gaýalarynda, al-ýaşyl ýaýlalarda, ulgam-ulgam depelerde, ak kepderili asuda asmanda: «Halk! Watan! Belent Serkerdebaşy!» diýen mertlige ýugrulan sözler ýaňlanyp durandyr. Bu — ykbalyny Watan goragyna baglan her bir Watan goragçysynyň kalp sesidir...

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar. Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilimini artdyrmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, harby taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, amala aşyrylan işler munuň aýdyň ykrarnamasydyr. Geliň, 2022-nji, 2023-nji, 2024-nji ýyllarda täze taryhymyza ýazylan käbir işlere nazar aýlalyň.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.