Ýol bolsun, mähriban ildeşler!

26 Dekabr 2021
629

Ata-babalarymyz ýol gurmagy, bina galdyrmagy, guýy gazyp, içimlik suwuň bolçulygyny döretmegi durmuş zerurlyklary hasaplamak bilen bir hatarda, olara sogaply işler hökmünde garapdyrlar. Bu ýol babatynda has-da aýdyň hakykata öwrülýär. Çünki ýola çykýan her bir ýolagça ak ýol arzuw edilýär. Şoňa görä-de, islendik adamyň ak arzuwyna ýetmeginde çar tarapa uzaýan ýollaryň aýratyn orny bar. Diýmek, ýollar biziň ykbalymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly. Her gün okuwa, işe ýa-da baýramçylyk günlerinde ýakynlarymyza görme-görşe, gezelenje gitjek bolsagam, hökman ak ýollaryň hem-de ýolagçy gatnadýan jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanýarys. Biziň ýurdumyzda jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak her birimiz üçin elýeterli. Üstesine-de, şol jemgyýetçilik awtobuslary ýokary rahatlylygy, arassalygy bilen islendik ýolagçynyň bellenilen nokadyna çenli arkaýyn barmagyna mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýolagçy gatnadýan şäherara we şäheriçi gatnawly jemgyýetçilik ulaglarynyň üsti daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ulag kompaniýalarynyň öndüren täze, döwrebap ulaglary bilen tapgyrlaýyn doldurylyp durulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň durmuş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Ynha, 2022-nji — Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky hoş habar ildeşlerimiziň her biriniň köňlüne ganat bagladyp, halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Has dogrusy, geçen hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher içindäki gatnaw awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramagy tabşyrdy.

«Bereketli toprak».