Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ykrarnamasy

19 Dekabr 2021
1608

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde türkmen halkynyň özboluşly taryhy aýratynlygyny beýan edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen goňşy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleri bilen şu günki gün Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan türkmen halkynyň dünýäde öz mynasyp ornuny tutýandygy biziň her birimiz üçin buýsançlydyr. Bitaraplyk syýasatynyň öz gözbaşyny halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden we ruhy köklerinden alyp gaýdýandygyna taryhyň sahypalary hem şaýatlyk edýär.

Häzirki zaman jemgyýetçilik ylymlary türkmen Bitaraplygynyň dünýä nusgalykdygyny ykrar etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hem ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanmagyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň biragyzdan goldanmagy Türkmenistanyň abraýyny dünýäniň öňünde ýene bir gez beýgeltdi.

Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri.