Sözle, Pyragy!

26 Dekabr 2021
688

Köpetdagyň eteginde daglaryň iň belent gerşine çalymdaş şygyrlary bilen dünýäni haýran eden söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli onuň heýkeliniň gurulmagy dana atamyza bolan hormatyň bimöçberdiginden habar berýär. Bu bolsa Magtymgulynyň keşbi bilen birlikde daglary has howalandyrjakdygyna gurluşygyň şu günki ýagdaýyndan hem göz ýetirmek bolar.

Asly Gerkez, ili gökleň Magtymguly Pyragy akyl çeşmesi bolup, ol her bir sözi maňlaýyňa sylynýan söz ussadydyr. Söz ussadynyň akyl-paýhasy, pähim-parasady siňdirilen şygyrlary her bir ynsanyň ýankitaby, hemdemi bolup hyzmat edýär.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.