Ene topraga sadyk daýhan

19 Dekabr 2021
958

Berkarar döwletimiziň baky Bitaraplyk derejesi dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine giň ýol açdy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny ilkinjileriň hatarynda goldan döwletleriň biri hem goňşy Özbegistan Respublikasydyr. Türkmen we özbek halklary bir kökden gaýdyp, taryhyň dowamynda birek-birege goňşy bolup oturan, garyndaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan halklardyr. Şonuň üçin häli-häzirlerem Özbegistanda türkmenlere, Türkmenistanda bolsa özbeklere gabat gelmek asylly däbe öwrülen hakykatdyr.

Garaşsyz ýurdumyzda özbek milletiniň wekilleriniň uly topary ýaşaýar. Olar özleriniň zähmeti, ukyp-başarnyklary bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri-de, Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Kahraman Turdiýewdir.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.