Iň uly kömelek

25 Ýanwar 2022
1256

Gelin kömelekler maşgalasyna degişli bolan ala-mula saýawan kömelegi (latynça Macrolepiota procera) Ýer ýüzünde iň uly kömelek hasaplanylýar. Iýmäge ýaramly bolan bu kömelek Italiýada «Deprek taýajyklary» diýlip atlandyrylsa, beýleki köp döwletlerde «Şa gelin kömelegi», «Beýik saýawan kömelegi», «Uly saýawan kömelegi» atlary bilen bellidir. Ala-mula saýawan kömeleginiň telpeginiň diametri 15 — 30, kähalatlarda 40 santimetre çenli ýetýär. Telpejik ilkibaşda ýumurtga şekilli bolup, ösüşiniň soňky döwürlerinde saýawan şekilini alýar. Ol agymtyl-çal, goňur reňkli bolup, daşy hem goňur reňkli gowlardan ybaratdyr. Bu kömelegiň eti galyň, ýumşak hem-de ak reňkli, tagamy we ysy bolsa örän ýakymlydyr. Spora dänejikleri ak reňkli. Ala-mula saýawan kömeleginiň aýajyklary silindr şekilli bolup, düýbüne ýetdigiçe ýogyndyr. Aýajyklarynyň diametri 3 santimetre, beýikligi 30 santimetre çenli ösmäge ukyplydyr. Emma bu kömelegiň boýunyň 30 santimetrden has uzyn ýagdaýlaryna duş gelnendigi barada hem internet çeşmelerinde maglumat berilýär.

Iň uly kömelek iýul aýyndan tä gyşyň ortalaryna çenli tokaýlarda, ýollaryň gyralarynda, çemenliklerde, öri meýdanlarynda, baglarda ösýär. Amatly şertlerde, ýagny ösümlik örtügi gür hem-de ösgün bolan ýerlerde has uly göwrüme eýe bolmaga ukyplydyr. Bu kömelek Ýer ýüzünde Antarktida we Awstraliýa ýerlerinden beýleki ähli ýerlerde duş gelýär.

Aýgül ALLAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.