Mirasa sarpa bar, zähmete hormat

18 Ýanwar 2022
863

Toýlary toýa beslenip, baýramlary ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen sazlaşyp, uly üstünliklere eýe bolup gelýän ýurdumyzda bagtdan paýly, sylagdan serpaýly türkmen halkymyz Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlikde, täze, 2022-nji, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny şatlykly, şowhunly dabara bilen garşy aldy. Gojaman taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl türkmen halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak buýsançly, taryhy wakalara juda baý ýyllaryň biri boldy. Aziýanyň merjeni, mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk şöhratly senesi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý baýramy, parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýy, şeýle-de «12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni» milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öndürijilikli işleýän agzybir raýatlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň gazanylmagy bilen utgaşyp, giň gerimde bellenilip geçildi.

Ýurdumyzyň paýtagty, ak mermerli şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş maksatly döwrebap jaýlar, orta mekdepler, çagalar baglary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, iri önümçilik desgalar, kärhanalar, döwrebap dokma toplumlary, ýyladyşhanalar we başga-da birnäçe önümçilik maksatly desgalar gurlup, halkymyza ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk söwda we dynç alyş, işewürlik merkezinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumynyň açylmagy hem paýtagtymyzyň görküni has-da baýlaşdyrdy. Aýratyn-da, esasy gurluşyk desgalarynyň hatarynda paýtagtymyzyň binagärlik gurluşyk aýratynlygyny has-da artdyran, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän derejede bina edilen, kaşaň «Arkadag» hem-de «Garagum» myhmanhanalary uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde täze gurlan, özboluşly gaýtalanmajak tebigy gözellikleri, dürli öwüşginli yşyklary, bagy-bossanlygy özünde jemleýän «Laçyn» we «Erkin» seýilgähleri hem daşky ekologiýa gurşawyň, ynsan ýaşaýşynda zerur ähmiýete eýe bolan howanyň arassa bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Umuman, geçen ýylyň dowamynda parasatly milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýetmişden gowrak desganyň gurluşyk işleri ýokary depginde üstünlikli tamamlanyp, halkymyza ulanylmaga berildi. «Döwlet adam üçindir!» diýip, eziz halkymyzy eşretli ertirlere, bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň her bir durmuşa geçirýän beýik işleriniň aňyrsynda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakyndaky aladany duýmak bolýar.

Myratberdi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.