Täze sensor 100 esse güýçli

18 Ýanwar 2022
892

«Graced» taslamasyndan (Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär) peýdalanýan alymlar bakteriýalary çalt kesgitleýän täze sensorly enjamy döretdiler. Ol geljekde örän ýokary tizlik bilen işläp, azyk howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyryp biler.

«Plazmofoton bimodal multiplikasiýa sensory» diýlip atlandyrylýan täze enjam bakteriýalary ýüze çykarmak üçin lazer şöhlesini ulanýar hem-de marker hökmünde himiki serişdeleri ýa-da boýaglary talap etmeýär. Sensordan geçýän nusga lazer şöhlesiniň tizliginiň üýtgemegine sebäp bolýar, şeýlelik bilen, çykyşdaky päsgelçilik nagşyny üýtgedýär. Şondan soň, sensoryň üstündäki reseptorlar zyýanly himiki serişdeleri ýa-da bakteriýalary tapyp bilýär. Döredijileriň pikiriçe, täze enjam 30 minutyň içinde ýedi barlagy bir wagtda geçirip, çalt netije çykaryp bilýär.

Ogulgerek KÖSSEKOWA,
TAP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiri.