Obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleri

18 Ýanwar 2022
1054

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew dagy çykyş edip, sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler, ekerançylyk ýerleriniň, degişli tehnikalaryň we gurallaryň ýazky gowaça ekişine taýýarlanylyşy, 2022-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýazlyk hem-de güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilmeli meýdanlary hem-de öndürilmeli önümleriň möçberleri barada hasabat berdiler.

«Bereketli toprak».