Kompaniýalar birleşdi

18 Ýanwar 2022
827

Rumyniýanyň «RDF Arad» kompaniýasy mineral dökünleri öndüriji «Adidananyň» paýnamalarynyň ählisini satyn aldy. Şeýlelikde, «RDF Arad» kompaniýasy öndürijiligini iki esse artdyrmak we Rumyniýanyň oba hojalyk bazarynda esasy orny eýelemek isleýär. Heniz ylalaşygyň doly bahasy aýan edilmedi.

Bu barada «RDF Aradyň» baş direktory Florin Deznan: «Geljekde oba hojalyk pudagy boýunça hyzmatlarymyzy has-da giňeltmek isleýäris» diýip, metbugatda çykyş etdi.

Gurbangeldi HYDYROW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.