Mermer gowaklar

22 Fewral 2022
1292

Ýer togalagynyň owadan ýerleriniň biri-de, Çiliniň we Argentinanyň çäginde ýerleşen mermer gowaklarydyr. Bu gowaklar toplumy «Cuevas de Marmol» ady bilen meşhur bolup, olar dünýäniň iň owadan gowaklary hasaplanýarlar. Bu tebigy täsinlik dünýäniň iň uly kölleriniň biri hasaplanylýan Buenos-Aýres kölünde ýerleşýär. Ýerli ilatyň we beýleki käbir halklaryň dilinde «Çiliniň mermer gowaklary» ady bilen tanalýan bu täsin ýerdäki gök-mawy reňkli gerişleriň we diýseň arassa suwly kölüň bilelikde sazlaşykly emele getiren owadanlygy jenneti ýada salýar.

Syýahatçylar Çiliniň mermer gowaklarynyň güneşli hem-de bulutly günlerde dürli öwüşgin berýändigi barada aýdýarlar. Olar bu ýeri synlamaga ýaz paslynyň başlamagynyň öň ýanynda barlanda has-da gözel keşbe eýe bolýandygyny belleýärler. Bu bolsa howanyň gyzmagy netijesinde buzlaryň eräp, kölüň suwunyň bulaşyk bolýandygy bilen baglanyşdyrylýar. Bahar aýlarynda suwuň derejesiniň pes bolmagy gowaklaryň içinde aýlanyp, täsinlikleri synlamaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin kölüň töwereginde ýörite gaýyklar hem ýerleşdirilýär.

Aziza FURKATŽANOWA.