"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Siziň saglygyňyz öz eliňizde!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Köpçülik ýerlerinde bellenilen 2 metr araçägi saklamagy unutmaň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 09-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň terjimehaly

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen. 1987 — 1997-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 43-nji orta mekdepde okady.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Maksat Myradowiç Ödeşowyň terjimehaly

Maksat Myradowiç Ödeşow 1977-nji ýylyň 8-nji iýulynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen. 1984 — 1987-nji ýyllarda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 4-nji orta mekdepde, 1987 — 1994-nji ýyllarda şol etrapdaky 1-nji orta mekdepde okady.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanowyň terjimehaly

Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanow 1981-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Çaloýuk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen. 1988 — 1997-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky 8-nji orta mekdepde okady.

Zaman we Eýýam — ýagty günlerimiziň ýakymy

Bagtdan paýly halkymyzyň durmuşynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylymyz täze başlangyçlary bilen şanly ýyllaryň birine öwrülýär. 23-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna gelip, ýylyň başynda dünýä inen Zaman atly taýçanak bilen didarlaşmagy, täze doglan alabaýa at dakyp bermegi her bir ynsanyň dünýäsini ýakymly duýgulara gaplady. Milli Liderimiziň alabaýjygy çep elinde göterip, gujagyna gysmagynyň, sag eli bilenem taýçanajygyň sagrysyny sypamagynyň simwoliki manysy bar. Bu birinjiden, pederlerimiziň milli gymmatlyklarymyza sarpasynyň şu günki dabaralanmasy bolsa, ikinjiden, durky bilen wepalylyga ýugrulan ynsan gylykly jandarlara mähremligiň, rehimdarlygyň nyşanydyr. Bu pursatlar hakydalarymyza baky möhürlener.

Dal bedewim — sapaly, alabaýym — wepaly

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyl Turuwbaşdan ýürekleri joşdurdy,«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyl.Täze Galkynyşly eýýamy berdi,«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyl.

Toýda şöhratyň bolar

Mähriban halkymyzyň kalbynda döredijilik ylhamynyň joşmagy hemişe haýran galdyrýar. Bizde tebigatyň gudratyndan we adam ellerinden dörän iki täsinlik — haly we at bar. Ene-mamalarymyz on barmagynyň çeperliginden, ýürek yhlasyndan döreýän halydyr palaslary dokamak, nepis nagyşlary keşdelemek, ata-babalarymyz bolsa oglanlygyndan bedew atlary seýislemek bilen, türkmeniň medeni mirasyny asyrlarboýy kämilleşdirip, nesillere ýetirdiler, milli mirasymyzyň dünýäde şan-şöhratynyň ýokary derejelere ýetmegine öz mynasyp goşandyny goşdular. Sebäbi türkmeniň milli gymmatlyklaryny — gözüň ýagyny iýip barýan çog gyzyl halysyny, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewini synlamadyk, olara buýsanmadyk ýok bolsa gerek. — Jemşit, haýda, Garagaş öňe saýlanýar-a, yza galma-how! — diýip, eşidilýän sesler Garagaşy aljyradaýjak ýaly, ýöne ol badyny gowşatman süýnüp barýar. Akmelek onuň yzyna eýgermedi. Çapyksuwar Jemşit atdan göwniçökgünlik bilen düşdi, adamlaryň ýüzüne seretmäge ejap etdi.

Ylham gönezligi — kalp gözelligi

Taryhyň ähli eýýamlarynda-da edebiýat öz döwrüniň aýnasy hasaplanypdyr. Çünki halk tarapyndan bolsun ýa-da belli bir awtor tarapyndan bolsun, parhy ýok, döredilen islendik eserlerde döwürler, şol döwürlere täsirini ýetiren şahsyýetleriň bitiren işleriniň beýany aýdyňlygy bilen şöhlelenipdir. Şonuň üçin bolsa gerek, edebiýata sarpa goýan paýhasly pederlerimiz edebiýatyň ebedilik ýat tutulmaly we geljekki nesillere hökmany ýetirilmeli mirasdygyny, edep-ekramyň köküdigini, özenidigini, milli medeniýetiň ebedilik sütünidigini perzentlerine tekrarlapdyrlar, döredijiligiň ylahy zehindigini zynhar sargap, döretmegi sogap işleriň hatarynda goýupdyrlar. Şonuň üçinem ylhamy Arşyň deňinde goýup, kitaby mukaddeslige deňeýän halkymyz dünýä halklarynyň arasynda dörediji halk hökmünde tanalýar. Neneň onsoň, taryhda beýik-beýik şahsyýetleri, ylmy, taryhy hem-de medeni ojaklary, öz döwründe dünýa ýaň salan sarsmaz döwletleri, «Oguznama», «Görogly» ýaly eposlary, «Küştdepdi» aýdym-saz sungatyny, şirwan perdeli dutar-gyjagy, gözellikde taý tapylmaýan al-elwan nepis halylary, gyzdan gylykly, gamyş gulak ahalteke bedewlerini we olary seýislemegiň sungatyny... döreden milletiň wekilidigiňe buýsanmajak, daş-töweregimize söýgi, mähir bilen garamajak?! Bizi ýene bir zat — öňdengörüjilikli pähim-parasady, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan adyl syýasaty bilen halkymyzy zamanany

Bagtyýarlyk bahary

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Sergide bahar gözellikleriniň üsti bilen Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, asudalygy, parahatçylygy wasp edýän sungat eserleri biri-biriniň üstüni ýetirip, ajaýyp sazlaşygy döredýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu sergidäki eserler milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy şöhlelendirýär. Olaryň arasynda gelin-gyzlarymyzyň halyçylyk, keşdeçilik ýaly el işleri, milli egin-eşikler, dutar we dutar ýasamak senetçiligini görkezýän sungat eserleri bar. Ajaýyp röwüşde sergilendirilen nakgaş, surat, amaly-haşam sungatynyň eserleri gadymdan gelýän el hünärini dikeltmekde we kämilleşdirmekde, ebedi gymmatlyklarymyzy hem-de medeni mirasymyzy wagyz etmekde döredilip berilýän şertleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ilkinji önüm eksporta ugradyldy

Ýylyň ähli möwsüminde ilatymyzy ter gök-bakja önümleri, miweler bilen üpjün etmekde kärendeçi daýhanlar bilen birlikde, hususy işewürler hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri hem Kerki etrabynda 4 gektar meýdany eýeleýän döwrebap ýyladyşhanada pomidor ösdürip ýetişdirýän telekeçi Batyr Rozyýewdir. Ol «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda pomidoryň bol hasylyny ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren önümi Gollandiýanyň «Rük Rizk» we «Zuwan» sortly pomidorlary bolansoň, olaryň tagamy-da, görnüşi-de ýokary boldy. Pomidor hasyly içerki bazar bilen birlikde daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Gazagystan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna şu ýylyň ilkinji hasyly, ýagny pomidoryň ýüz tonnadan gowragy ugradyldy. Häzirki wagtda ýyladyşhanada pomidor ýygymy dowam edýär. Jemal Azadowa, Aksoltan Gurbanowa, Dilber Döwranowa ýaly işçiler ýyladyşhanada diňe bir pomidor hasylyny ýygnamak bilen çäklenmän, olara ideg etmek işlerini-de üstünlikli alyp barýarlar. Ýyladyşhananyň agronomy Maksat Mämmetkulow bolsa, ekinleriň ýagdaýyna seljerme bermek bilen, olary suwarmagyň we dökünlemegiň wagtlaryny anyklaýar.

Saýra bagşy, owazyňa maýyl biz!

Geçen ýylyň dekabrynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli senedimiziň bütin dünýädäki ykrarnamasy boldy. Bu ne gudrat, taryna dil bitiren,Gamly günde kalbymyzy göteren,Saz sungatyn nesillere ýetiren,Saýra bagşy, owazyňa maýyl biz!

Baglary bar hatar-hatar

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Amannepes Godarowyň, Aýjahan Muhammedowanyň ösdürip ýetişdiren bagyny synlan adamlar «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar-ow!» — diýip geçýärler. Beýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen idegi ýetirilýän, bol miwelerini eçilýän baglar görenleriň gözüni dokundyrýar. Amannepes indi ençeme ýyllardan bäri özüniň kärendesine alan ýerinde her ýyl erigiň, almanyň, armydyň, garalynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Dänew: ýeňiş — yhlasly zähmetiň miwesi

2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Dänew etrabynyň «Ýurdumyzyň iň gowy etraby» diýlip yglan edilmegi we Şa serpaýynyň gowşurylmagy onuň ähli ýaşaýjylarynda, şol sanda oba hojalykçylarynda hem şatlyk, hem buýsanç duýgularyny döretdi. Olar ýüreklerinde dörän şatlygy şeýle sözler bilen beýan edýärler. Fahruddin KURBANOW, Etrabyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Kömelekli ýyladyşhana

Diýarymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmekde mynasyp paýy bolan hususy kärhanalaryň biri Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde Uly Balkan dagynyň degresindäki Düzmergen ýaýlasynda bina edilen «Altyn Nur–Zamany» ýyladyşhanasynda «Gelin» we «Weşinka» diýlip atlandyrylýan kömelekler ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde kömelekleriň her görnüşi üçin ýyladyşhanalaryň 6-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ýyladyşhanalar toplumy 2021-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Häzirki günde kömelekleriň iki görnüşiniň hersinden günde 100–150 kilogram hasyl alýarlar. Her ýyladyşhanadan ortaça bir ekişde 3,5 – 4 tonna hasyl alynýar. «Weşinka» kömelegini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite barlaghanalarda tohumy we topragy taýýarlanandan soňra, ony pagtanyň şulhasyna ekýärler. Birnäçe wagtdan soň kömelekden bol hasyl alyp bolýar. Mundan başga-da, «weşinka» kömelekleri ýörite gaplaýjy bölümde çüýşe we demir gaplara gaplanylýar. Şeýle-de, ýyladyşhanada gelin kömelekleriň tohumlary ösdürilip ýetişdirilýär. Geljekde ýyladyşhanada ekilýän ekinler üçin ýörite topragy taýýarlamak hem meýilleşdirilýär. Önümçilik bölümi Hytaý we Ýaponiýa döwletleriniň ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilip, birnäçe iş orunlary hem döredilipdir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň häzirki günlerinde bu ýyladyşhana toplumynda bereketli hasyl ýygnalyp, ösen enjamlaryň kömegi bilen şu günüň talabyna laýyk

Şygryýet bossany

Türkmeniňkidir Ýürege ornaýan pentler,Heňňamdan habarly kentler,Oguz, Görogly deý mertler,Türkmeniňkidir.

Zemini gözelleşdirýän sungat (Oýlanma)

Ýene ýaz geldi. Kimler üçin 17-nji, 23-nji, 35-nji, belki-de, 43-nji ... gezek gelen baharyň heýjanly pursatlary. Hawa, ýene ýakymly ýylgyryşyň bilen bosagadan ätlediň, mähirden doly ýazym! Sen geleňde älem-jahan läle-reýhana dönýär. Tebigatda her paslyň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy ýaly, saňa janlanyş mahsus, ýazym! Seniň ýyly demiň bilen baglara, ösümliklere jan girýär. Janly-jandarlar gyş ukusyndan oýanýar. Baýyrlar, gollar, depeler, düzler, giň sähralar ýaşyl dona bürenýär, gülzarlyga beslenýär. Muny halk arasynda «Togsanyň dolup, ýere ýyly gitmegi» bilen düşündirýärler. Pasyllaryň soltany, ýazym! Bilbillerem seniň berýän joşgunyňdan hyjuwlanyp saýraýarlar. Ýaňy pyntyk ýaryp başlan baglarda guşlaryň baharyň gelendigini buşlap, kakýan şirin nagmalary, göýä toýhanany ýadyňa salýar. Olaryň şüweleňli pursatlaryny synlanyňda, «şatlykly söhbetlerine» diň salanyňda, asudalygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýurdunda, bagtyýar ilde ýaşaýandygyňa ýene bir ýola buýsanýarsyň. Bularyň ählisiniň özeninde duran Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyş aýdýarsyň.

Dökün önümçiliginde möhüm açyş

Ýaponiýanyň fizika we himiýa gözleg institutynyň alymlary suwdan ekologiýa taýdan arassa wodorody süzüp almagyň katalizatoryny işläp taýýarladylar. täze döredilen katalizator gymmat serişdeleri ulanmagy aradan aýyrýar. Ony döretmek üçin alymlar marganes we kobalt oksidleriniň garyndysyny ulandylar. Wodorod ammiak önümçiliginde zerur serişdeleriň biri bolup, dünýäniň iri ammiak öndürijileri henize çenli wodorod almagyň köp çykdajyly usulyndan peýdalanýardylar. Önümçilikdäki katalizatorlaryň düzüminde platina, iridium ýaly has gymmat maddalar hem bar. Ýapon alymlarynyň çözgüdi bilen döredilen katalizatorlaryň ulanylmagy bolsa, öndürilýän önümiň ykdysady taýdan düşewüntliligini ýokarlandyryp, onuň daşky gurşawa zyýanly täsirini ep-esli azaldar.

Bruneýde kuwwatly kärhana işe başlady

Günorta-Gündogar Aziýa degişli bolan Bruneýde iň uly dökün kärhanasynyň gurluşygy tamamlandy. Onda her gün 2,2 müň tonna ammiak we 3,9 müň tonna karbamid öndüriler. Eýýäm ilkinji günlerinde kärhananyň gündelik öndürýän karbamidiniň mukdary 3 müň tonna ýetdi. Ilkinji önümler synag hökmünde Koreýa Respublikasyna we Taýlanda ýollanyldy. Kuwwatly kärhananyň düýbi 2018-nji ýylda tutuldy. Ony geçen ýylyň ikinji ýarymynda ulanmaga bermek meýilleşdirilipdi, ýöne kärhananyň meýdanyny giňeltmek maksady bilen, açylmaly wagty gijikdirildi.

Galyndylary döküne öwürjek taslama

Irlandiýanyň Mýunster tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary hökümetiň goldawy bilen şäherde ulanylan hapa suwlary we süýt önümleriniň galyndylaryny oba hojalyk üçin zerur döküne öwürmek boýunça ýörite taslamanyň üstünde işlemegi meýilleşdirýärler. Taslama görä, galyndylar termiki usullar bilen döküne öwrüler. Olardan alynjak kül ekinleriň ösüşini kadalaşdyrar, şol bir wagtyň özünde-de topragyň hasyllylygyny artdyrar.