Baglary bar hatar-hatar

1 Mart 2022
1202

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Amannepes Godarowyň, Aýjahan Muhammedowanyň ösdürip ýetişdiren bagyny synlan adamlar «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar-ow!» — diýip geçýärler. Beýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen idegi ýetirilýän, bol miwelerini eçilýän baglar görenleriň gözüni dokundyrýar.

Amannepes indi ençeme ýyllardan bäri özüniň kärendesine alan ýerinde her ýyl erigiň, almanyň, armydyň, garalynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Ýusup JUMAKOW,
TAP-nyň Gubadag etrap komitetiniň esasy hünärmeni.