Ylham gönezligi — kalp gözelligi

1 Mart 2022
512

Taryhyň ähli eýýamlarynda-da edebiýat öz döwrüniň aýnasy hasaplanypdyr. Çünki halk tarapyndan bolsun ýa-da belli bir awtor tarapyndan bolsun, parhy ýok, döredilen islendik eserlerde döwürler, şol döwürlere täsirini ýetiren şahsyýetleriň bitiren işleriniň beýany aýdyňlygy bilen şöhlelenipdir. Şonuň üçin bolsa gerek, edebiýata sarpa goýan paýhasly pederlerimiz edebiýatyň ebedilik ýat tutulmaly we geljekki nesillere hökmany ýetirilmeli mirasdygyny, edep-ekramyň köküdigini, özenidigini, milli medeniýetiň ebedilik sütünidigini perzentlerine tekrarlapdyrlar, döredijiligiň ylahy zehindigini zynhar sargap, döretmegi sogap işleriň hatarynda goýupdyrlar. Şonuň üçinem ylhamy Arşyň deňinde goýup, kitaby mukaddeslige deňeýän halkymyz dünýä halklarynyň arasynda dörediji halk hökmünde tanalýar. Neneň onsoň, taryhda beýik-beýik şahsyýetleri, ylmy, taryhy hem-de medeni ojaklary, öz döwründe dünýa ýaň salan sarsmaz döwletleri, «Oguznama», «Görogly» ýaly eposlary, «Küştdepdi» aýdym-saz sungatyny, şirwan perdeli dutar-gyjagy, gözellikde taý tapylmaýan al-elwan nepis halylary, gyzdan gylykly, gamyş gulak ahalteke bedewlerini we olary seýislemegiň sungatyny... döreden milletiň wekilidigiňe buýsanmajak, daş-töweregimize söýgi, mähir bilen garamajak?!

Bizi ýene bir zat — öňdengörüjilikli pähim-parasady, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan adyl syýasaty bilen halkymyzy zamananyň belentliklerine sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy gülletmek, il-günümize abadan durmuşy bagyş etmek ugrunda bitirýän beýik işleri, kanun öňünde deňhukukly raýat hökmünde erkana durmuşda ýaşamaga, islän hünäriňden bilim almaga, döwlet tarapyndan raýatlar üçin berilýän ýeňilliklerden peýdalanmaga döredilen mümkinçilikler guwandyrýar, ak ertirlere bolan ynamymyzy artdyrýar. Munuň özi «Biz Berkarar döwletiň bagtyýar raýatlary» diýmäge doly hakly edýär. Eýsem, halkyny jandan söýýän we alada bilen gurşap alýan döwlet Baştutany bolan parahat ýurtda, abadan durmuşda ýaşaýan ynsan üçin şundan uly bagt barmy?!

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».