"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

«Ak altynyň» altyn täçli jygasy bar

Alym Arkadagymyz Türkmenistanyň agrosenagat toplumyny ösdürmäge, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjek täze sortlary döretmek we olaryň tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin ylmy-barlag işleriniň has ýaýbaňlandyrylmagyny nygtaýar. Bu babatda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminde gowaçanyň täze sortlaryny döretmekde döwrebap ylmy işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gowaçadan ýokary hasyl almak üçin ösüş döwründe gowaçanyň öserini çyrpmak işini aradan aýyrýan, ösüşini tebigy taýdan togtadýan, çyrpym geçirmesiz sortlary döretmekde alymlar ylmy gözlegleri amala aşyrýarlar. Biz bu ugurdan geçirýän ylmy barlag işlerimiziň dowamynda gowaçanyň ösüşini tebigy ýagdaýda togtadýan ýokary hasylly öseri täç, öseri täç — saýawan sypatly görnüşlerini döretdik. Bu ugurda döredýän gowaça sortlarymyz ýurdumyzyň dokma senagatynyň talaplaryna laýyk gelýän, pagta süýüminiň hili ýokary, tiz ýetişýän, bol hasylly sortlardyr. Muňa mysal edip, ösüşini tebigy taýdan togtadýan gowaçanyň esasy baldagynyň öserini çyrpym geçirmesiz süýüminiň hili ýokary, önümçilige täze ornaşdyrylan, hasylly, öseri täç — saýawan sypatly «Ýolöten-46» sortuny görkezip bolar.

Bosagada ýaz ekişi

Şu günler gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlanmak, ilatymyzy bol azyk we gök önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda Balkan welaýatynyň gök ekerançylarydyr kärendeçi daýhanlary hem gujurly zähmet çekýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyz boýunça 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, ondan 80 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde öňde goýlan borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmekde bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwlaryny tutmak işleri ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde hem sürüm, tekizleýiş işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ekerançylaryň hem-de mehanizatorlaryň netijeli we bökdençsiz işlemegi üçin oňaýly şertler döredilip, şeýle tutanýerli maksadyň amala aşyrylmagynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan kuwwatly tehnikalar işledilýär. Welaýat boýunça müňlerçe gektara gowaça ekilip, ondan 10 müň tonna hasyl almak maksat edinilýär. Şeýle borçnamany ýerine ýetirmekde welaýatymyzyň Serdar, Magtymguly, Etrek, Bereket, Esenguly etraplarynyň kärendeçi daýhanlary irginsiz zähmet çekýärler. Welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy daýhanlaryň bereketli toprakdan bol hasyl alyp, belent sepgitlere ýetjekdigine ynam döredýär.

Ýaşyl öwüsýän maýsalar

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň M.Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary häzirki günlerde 2021-nji ýylda ekilen 1260 gektardaky ak bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suwdan gandyrmak üçin möhüm agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Gallaçy kärendeçiler ekin meýdanlarynda endigan gögerip çykan, ýaşyl öwüsýän maýsalaryň hasyllylygyny has-da artdyrmak, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bolan 2022-nji ýylda öňde goýlan il-ýurt ähmiýetli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2180 tonna azyklyk dänäni öndürip, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmäge yhlas edýän hojalygyň janypkeş gallaçy kärendeçileri öz kärendesine alan ýerlerine ýerli toprak, howa şertlerine uýgunlaşan, kesele hem-de şemalyň garşysyna durnukly, idegi talabalaýyk ýetirseň, bol hasyl berýän «Juwan-A2» sortuny ekdiler. Olar etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň we daýhan birleşigiň tejribeli mehanizatorlarynyň ýardam bermekleri bilen ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýärler. Ekin meýdanlarynyň daş-töweregini we olaryň suw akabalaryny haşal otlardan arassalamak, her gektaryna 200 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid, garaz, häzirki wagta çenli 500 gektar meýdana mineral dökünleriniň talabalaýyk berlendigini daýhan birleşigiň baş hünärmeni Jumadurdy Ata

Maldarlar üçin gyzgalaňly döwür

Eziz Watanymyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan Tagtabazar etrabynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli geçirmegiň, ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň başlygynyň orunbasary Penjaly Jumaýewiň aýtmagyna görä, geçen, 2021-nji ýylda 73266 goýundan 77812 guzy alyndy. Şunlukda, öňünden baglaşylan şertnamalaýyn tabşyryk 106 göterim amal edildi. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalygynda jemi 171021 baş mal bar. Şu möwsümde 97769 sany ene goýundan 90260 sany sagdyn guzy almak meýilleşdirilýär. Biz hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri bolup, Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygyndaky uzak örüde zähmet çekýän kärendeçi çopan toparlarynyň arasynda ýygy-ýygydan bolýarys, olaryň zähmet şertleri, alyp barýan işleri, gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşýarys. Özüniň halal zähmeti bilen guwandyryjy netijelere eýe bolan öňdebaryjy çopan toparlaryna dabaraly ýagdaýda sowgatlary gowşurýarys. Bu bolsa olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Gelse nowruz äleme...

Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde onuň taryhy köklerini yzarlamak hem hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Nowruzyň taryhy köklerini öwrenmek üçin, ony ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyrmak has ýerlikli bolar. Taryhyň dürli döwürlerinde Nowruz baýramynyň däp-dessurlary, ruhy ýörelgeleri alysdaky we golaýdaky halklaryň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň ösmegine täsir edipdir. Belli arheologlar, etnograflar Türkmenistanyň gadymy Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý, Hindistan ýaly öz döwrüniň ösen siwilizasiýalary bilen medeni gatnaşyklarda bolandygyna güwä geçýärler. Şeýle gatnaşyklar Türkmenistanyň ösen medeniýetiniň bäşinji siwilizasiýa bolandygyny hem tassyklady. Nowruz baýramynyň taryhy kökleri barada käbir maglumatlarda Mesopotamiýanyň (derýa aralygynda) medeniýetiniň başyny başlan Sumer (Şumer) ilaty hasaplanylýar. Sumerler bu baýramy «Akitil» diýip atlandyrypdyrlar. «Til» sözi sumer dilinde «ýaşamak we dogmak» diýen manyny aňladypdyr. Alymlaryň pikirine görä, sumerliler Hazar deňziniň eteklerinden häzirki Yragyň ýerlerine çenli ýaýrapdyr diýip hasaplaýarlar. Gadymy döwürlerden başlap, tä biziň eýýamymyzyň başyna çenli täze ýyl resmi ýagdaýda Nowruzda bellenilipdir we gün senenamasy Nowruzdan başlanypdyr.

Ylham nuruny paýlaýan baýram

Halkymyza ruhy galkynmalary bagyş edýän baýramlaryň biri-de, kalplara ylham nuruny paýlaýan, dost-doganlyk, jebislik, agzybirlik ýaly iň gowy däpleri özünde jemleýän Halkara Nowruz baýramydyr. Nowruz — dirilişiň baýramy. Pederlerimiz pasyllaryň soltany hasaplanýan baharda ýeriň damaryna dirilik keramatyny, ynsanlaryň kalbyna joşgunly hyjuwy bagyş edip, ýaýlalary gülüstanlyga gurşaýan Nowruza sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Ol döwürde ýazyň bogun ýarýan ýyly demi topraga tenekar täsirini ýetiripdir. Bu pasylda daragtlar pyntyk ýaryp, ýaprak ýaýsa, gojaman daglardan şaglap, möwjäp akýan çeşme-çaýlary gadymy türkmen topragynyň küpürsäp ýatan meýdanlarynyň süňňüne-süýegine şypa berer ekeni.

Owlak-guzy möwsümi

Ýurdumyzda ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde maldarçylyk pudagynyň tutýan orny örän uludyr. Dowardarçylyk onuň esasy bölekleriniň biridir. Bu pudakda owlak-guzy almak möwsümi jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Ony üstünlikli geçirmek sürüler üçin amatly ýerleriň saýlanyp alynmagyna, ýeterlik ot-iýmiň bol bolmagyna, zooweterinariýanyň talaplarynyň dogry berjaý edilmegine we guramaçylyga baglydyr. Hojalyk ýolbaşçylarydyr hünärmenler owlak-guzy möwsümini geçirmegiň meýilnamasyny düzüp, çopan-çoluklar bilen onuň öň ýanynda seminar-maslahatyny geçirse, işleriň gidişi has-da netijeli bolýar. Dowarlar gyşdan orta we ýokary semizlikde çykarylyp, owlak-guzy möwsüminden öň goşmaça iýmitlendirilse, olaryň diňe özüniň däl, eýsem, guzularynyň hem sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Höwre goşuljak goýunlara örüden alýan otunyň daşyndan goşmaça konsentrirlenen iým, owradylan bede bermek gerek. Şu döwürde olaryň duza bolan islegi hem artýar. Şonuň üçin nowalarda daş duzlaryny goýmaly. Bu bolsa hem goýnuň, hem guzynyň sagdynlygyna peýdalydyr.

Şygryýet älemi

Meňzeşlik Men onuň keşbinde atamy gördüm,Körpelikden hopba eden boýnuna.Goýnunda sag ýatyp, salamat ördüm,Zähmet çekdim, baş galdyrman oýnuna.

Oba durmuşynyň täsinlikleri

Ýaşlygymyz obada geçensoň, pagta meýdanlarynda hasyl alynýança ýere nähili zähmet siňdirilýändigini gördük. Özümize-de şol işlere goşandymyzy goşmak miýesser etdi. Otag otamak şolaryň iň esasylarynyň biridir. Gowaça ekilensoň, hatara düzülip, gögerip başlan wagtlary ýekeleme işleri bilen bir hatarda ilkinji otag işleri hem utgaşdyrylyp geçirilýär. Bu döwre birinji otag diýilýär. Göz çeni bilen dört barmak, bir garyş aralykdaky gür bolup gögeren kiçijik gowaçalar ýolunyp aýrylýar. Şeýlelik bilenem, olaryň aralygy açylýar. Ýekelemäniň geçirilmeginiň sebäbi gowaçalaryň aralygyndaky haşal otlar aýrylmasa, düýbüni ot basyp, boý alyp, ösüp bilmeýär. Ýekelemeden soň, gowaçalar öz boýuna ösüp başlansoň, onuň ujy çirtilýär. Çirtmäni geçirmegiň düýp manysy gowaçanyň köp hasyl toplamagyna peýdalydyr. Soňra gowaça öz wagtyna baransoň, körekläp, ýuwaşjadan saralyp, çyzylan gozalaryň arasyndan ak pagta görnüp başlaýar. Çagalygymyzda jöweniň ekilişi hem ýadymyzda berk ornapdyr. Jöwen ekilende, ýere tohum köp düşende, baldaklary inçeden uzyn bolup gögerýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde jöweniň güri ekilişine gowuş diýilýär. Düýbi haşal otlar basan, gür bolup gögeren gowşuň otlary otalyp, arassalanýar. Şondan soň, jöwen boý alyp, dik ösýär, onuň başy ap-ak bolup, däneleýär. Dänelän döwri iki dürli bolýar. Jöwen dik ösende, onuň başynda däneleri süýri bolýar. Oňa «ýatak başy» diýilýär. Başy e

Dökün taýýarlanylar

Italiýanyň «Hello Nature» (öňki «Italpollina») kompaniýasy ABŞ-nyň iň iri ýumurtga öndürijileriniň biri bolan «MPS Egg Farms» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Indiana ştatynyň Wabaş şäherinde organiki dökün öndürýän täze kärhanany gurmagy maksat edinýär. Umumy bahasy 50 million dollar boljak kärhanany 2023-nji ýylyň tomsunda işe girizmek meýilleşdirilýär. Täze kärhananyň esasy aýratynlygy döküni towuk dersinden taýýarlamagydyr. «Hello Nature» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Luka Bonini onuň Demirgazyk Amerikanyň dökün bazary üçin uly täzelik boljakdygyna ynanýar. Onuň aýdyşy ýaly, bu kärhana ýerli daýhanlary ýeterlik mukdarda organiki dökün bilen üpjün edip biler.

Ang­li­ýa­da ýe­ne bir dik fer­ma gu­rul­ýar

Ýer ýü­zün­de eke­ran­çy­ly­gyň dik­li­gi­ne ýe­tiş­di­ril­ýän gör­nü­şi bar­ha giň meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Bu usul hem ýer­dir suwy tyg­şyt­la­ma­ga, ekin­den gö­wün di­ýen ha­sy­ly­ňy al­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ni­der­lan­di­ýa­nyň «Bos­man Wan Za­al» we Ang­li­ýa­nyň «Gro­wUp Farms» kom­pa­ni­ýa­la­ry Iň­lis graf­ly­gy­nyň Kent şä­he­rin­de tä­ze dik fer­ma­la­ry gu­rup baş­la­dy. Fer­ma­lar ekiş­den baş­lap, tä­ze önüm gap­la­nyl­ýan­ça, ze­rur bo­lan se­riş­de­ler­dir şert­le­riň äh­li­si bi­len üp­jün edi­ler. Iň­lis top­ra­gyn­da­ky dik eke­ran­çy­ly­gyň il­kin­ji ha­sy­ly­ny öňü­miz­dä­ki gyş­da sa­tu­wa goý­ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Öz-özüni dolandyrýan «akylly» ýyladyşhana

Hytaýyň «Hongfu Group» kompaniýasy ýurduň Ulankab şäheriniň golaýynda döredilen «Ulankab Hongfu» oba hojalyk seýilgähiniň çäginde 30 gektar meýdany bolan döwrebap ýyladyşhana toplumyny işe girizdi. Onuň gurluşygy 2021-nji ýylda başlandy we bir ýyla golaý wagtda doly tamamlandy. Ýyladyşhanada gök önümleriň her ýyl 12 müň tonnasyny ýetişdirip bolar. Munuň üçin ol iň döwrebap inženerçilik we «akylly» ulgamlar bilen üpjün edildi. Hytaýdaky iň meşhur we döwrebap «akylly» ýyladyşhanada ýetişdirilen ilkinji önümler Pekindäki iri söwda merkezlerine hem-de ýurduň ähli künjeklerindäki söwda nokatlaryna eltilip berilýär.

Sarymsak- saglygyň goragynda sak

Alymlar sarymsagyň dişlere bölünmeýän görnüşini bireýýäm tapdylar. Fransiýanyň Gaskon welaýatynda sarymsakly çorba bişirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 16-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Prezident saýlawlarynyň jemleri jemlendi

2022-nji ýylyň 12-nji martynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly, toý-dabara, şatlyk-şowhun bilen we ruhubelentlikde geçirildi. Saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly raýatlar işjeňlik bilen ses bermäge gatnaşdylar. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi. Şeýlelikde, ses bermegiň netijelerine görä:

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,68%, Balkan welaýatynda 97,29%, Daşoguz welaýatynda 96,80%, Lebap welaýatynda 97,13%, Mary welaýatynda 96,97%, Aşgabat şäherinde 97,51% ses berdiler.

Saýlaw uçastoklarynda arassaçylyk kadalary berjaý edilýär

Türkmenistanyň Prezidentligine mynasyp dalaşgäri saýlamaga gelýän ildeşlerimiz ýörite saýlawlaryň geçirilýän binalaryna girelgede oturdylan «akylly» zyýansyzlandyryş enjamyndan geçip girýärler, arassaçylyk kadalaryny berjaý edýärler. Şeýle enjamlaryň uçastoklarda 400-e golaýy goýuldy. Bu hem syýasy-jemgyýetçilik çäräniň hemmetaraplaýyn ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendiginen habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde üznüksiz beýan edilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary gazet-žurnallarda, teleýaýlymlarda we internet sahypalarynda giňden beýan edilýär. Saýlawlarda ses berýän raýatlaryň hasaba alynmagy, uçastoklarda medeni çäreleriň guralmagy, söwda nokatlarynyň ýola goýulmagy, ses berlişigiň aýdyňlyk, aýanlyk, açyklyk, erkinlik, umuman, demokratik ýagdaýda geçmegi bilen bagly pursatlar diňe milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmän, eýsem, dünýäniň iri teleýaýlymlarynda, abraýly halkara habarlar saýtlarynda giňişleýin halk köpçüligine ýetirilýär. Bu uly syýasy-jemgyýetçilik çäräniň wakalary minutsaýyn internet sahypalarynda täzelenip durulýar.

Saýlawlaryň gidişini online görnüşinde görüp bolýar

Häzirki wagtda örän ýokary we guramaçylykly dowam edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň «saylav.gov.tm» internet sahypasynyň üsti bilen online görnüşinde yzarlamak bolýar. Internet sahypasynyň «Online» bölüminde ýurdumyzyň kartasy ýerleşdirilip, onda ähli welaýatlardaky saýlaw uçastoklary görkezilen. Bu ýerde islendik saýlaw uçastogyna girip, ses bermäge gelýän raýatlaryň wideoýazgysyny görüp bolýar.  

Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 86,34% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 87,22%, Balkan welaýatynda 89,71%, Daşoguz welaýatynda 85,15%, Lebap welaýatynda 85,39%, Mary welaýatynda 86,70%, Aşgabat şäherinde 86,76% ses berdiler.