"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Tohumyň gögeriş ukyby artdyrylýar

Beýik Britaniýanyň «Tozer Seeds» kompaniýasynyň we Bangor uniwersitetiniň alymlary tohumlaryň «ösüş ukybyny güýçlendirmegiň» üstünde işleýärler. Taslamanyň çäginde olar käbir ösümlikleriň tohumlaryny lazer şöhleleri we tebigy bioişjeň birleşmeler bilen güýçlendirmegiň mümkindigini ýüze çykardylar. Şeýlelikde, güýçlendirilen tohumlar beýleki kowumdaşlaryna garanda, gögerip çykmaga has ukyply bolýar. Alymlar bu täze alnan tohumlary geljegiň tohumlary hökmünde häsiýetlendirdiler.

Çat açmaýan agaç

Sözen agajy örän berk we dykyz bolansoň, hiç haçan çat açmaýar. Belki, «Dagda – arça, çölde – sözen» diýilmegem şonuň üçindir. Sözen agajynyň beýleki sähra agaçlaryna meňzemeýän tarapy-da, onuň güli gök öwüsýär. Güýzüne gülleýär. Miwesi gögerçiniň ganatyny ýadyňa salýan şelpelerden ybarat. Ol iki topara bölünýär – takyrda hem-de gumda bitýän sözenler.

Gadyrly okyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň  öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 13-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16... +18°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15... +17°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 707 mm, çyglylygy 15 — 35%.         

Robot saglyga gözegçilik edýär

Şu gün paýtagtymyzda açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi täzeliklere we täsinliklere baý. Sergidäki her bir bölüm özüne çekýär. Köpugurly sergä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çeken aýratynlyklaryň biri sagdynlyk ýörelgelerini wagyz edýän robot boldy. Şu habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda hem synlaýşyňyz ýaly, robot sergi zalynyň ähli ýerine aýlanyp, zyýansyzlandyryş işlerini geçirýär. Munuň üçin ol kelle böleginden zyýansyzlandyryjy ergin pürkýär.

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatly şahasy

Ak bazarlarymyzyň islendigine barsaňam, gözleriň birbada tekjeleri dolduryp duran ter gök önümlerdir ir-iýmişlerde eglenýär. Onsoň baryp, höwes bilen bu behişdi nygmatlardan bol-telki satyn alýarsyň. Öýe gelibem, suw astynda durlanan dürli gök-önümlerden işdäaçar, ir-iýmişlerden bolsa şerbet suwuny taýýarlarsyň ýa olary terligine saçaga äberersiň, lezzetini dadanyňdan soň, sahawatly topragymyzyň jana şypaly nygmatlaryndan gujurlanan ýaly bolarsyň. Bu oba hojalyk önümleriniň hemişe mukaddes saçaklarymyzda dolup-daşyp durmagy üçin yhlasly zähmet çekýän işjanly telekeçilerimiziň uly paýy bar. Olar önümçiligiň dürli görnüşlerini ýola goýmak bilen, islendik pasylda önümleri terligine halkymyza ýetirmekde billerini berk guşaýarlar.

Bütindünýä saglyk güni şanly sport toýuna beslendi

Şu gün daň saz berenden gözel paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýan «Welosiped» binasynyň daş-töwereginiň mähellesi ýetik boldy. Çünki bu gün säher bilen, 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bagtyýar ildeşlerimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýola goýlan, ençeme ýyldan bäri asylly däbe öwrülen welosipedli ýöriş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi uly buýsançly waka öwrüldi.

Ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahata medeniýet ulgamynda zähmet çekýän döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Serdarymyzyň beýik tutumlary, alyp barýan taryhy işleri dogrusynda ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Maslahatda çykyş edenler medeniýet ulgamynyň her bir çygrynyň ösüşli ýollary, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, döredilen döwrebap şertler, çäksiz amatlyklar barada giňişleýin durup geçdiler. Bu dabaraly maslahata gatnaşanlar dutaryň şirin owazyna maýyl bolup, ýakymly pursatlara berildiler. Şeýle toýlara gatnaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin medeniýet ulgamynyň ähli döredijilik işgärleri Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Türkmen — hindi gatnaşyklarynyň täze basgançagy

Ynsanlaryň arasyndaky dostluk mizemez ynama daýanýar. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halklaryň arasyndaky dostluk bolsa syýasy, ykdysady we medeni babatdaky özara ynanyşmak ýol-ýörelgelerine daýanýar we berkeýär. Türkmen-hindi dostluk gatnaşyklary hem şeýle ynsanperwer ýörelgeli häsiýete eýedir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň bahar pasly ýurdumyzyň syýasy durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da ýatdan çykmajak buýsançly wakalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Bu pasylda şeýle ýakymly wakalaryň ýene biri hem 1– 4-nji aprel aralygynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynda bolmagydyr. Bu döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji sapary bolup, türkmen-hindi halklarynyň dostlugynyň täze tapgyrynyň başlangyjyna öwrüldi.

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň dowamyndaky Bilelikdäki türkmen-hindi BEÝANNAMASY

1. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1 — 4-nji aprelinde Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup durýandygy bilen bellidir. 2. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Döwlet Baştutanlary köpasyrlyk ysnyşykly siwilizasion-medeni gatnaşyklara, dostluga, ynanyşmaga hem-de özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam edýän ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.

Haýyr-sahawat gaznasy serişdeleri bölüp bermegi dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Döwletimiz çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň hem-de olaryň ruhy ýörelgeleriniň kemala gelýändigine doly göz ýetirmek bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär.

Ruhubelentligiň we bagtyň sakasy

«Saglyk bolsun!», «Saglykda görşeliň!», «Sag gidip, aman geliň!» diýen ýaly sözleri durmuşda häli-şindi eşidýäris. Aslynda, bu sözleriň manysyny yzarlap, aňyýetimiziň çuňluklaryny dörjeläp oturmasak-da, ýaşaýyş üçin iň zerur zadyň saglykdygyna şu jümleleriň üsti bilen ýene bir ýola göz ýetirýäris. «Saglyk», «Sagdynlyk» düşünjeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem süňňüne siňen düşünjeleriň hatarynda. Arkadagly Serdarymyzyň: «Sportuň, bedenterbiýäniň ýörgünli bolmagy, birinjiden, halkyň, esasan hem, ýaşlaryň saglygy üçin uly ähmiýetli bolsa, ikinjiden, dünýäde ýurduň sport abraýynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär» diýmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, ertirimiz üçin ruhy hem beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek babatyndaky edýän aladalaryna şaýat bolýan günlerimizde bu düşünjeleriň astynda ýatýan many-mazmuna has anyk göz ýetirýäris.

Bereketli hasylyň düýbi tutuldy

Geçen hepdäniň çarşenbe gününde Daşoguz welaýatynyň «ak altyn» ussatlary il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine badalga aldylar. Biz hem bu dabaraly günde Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, tejribeli daýhan Toýly Nazarow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde oba hojalyk pudagynyň işini kämilleşdirmek ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginde gowaça ekilişine badalga berilmegi hem aýdyňlygy bilen görkezdi. Şu ýyl welaýatymyz boýunça 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Hünärimizi döredijilikli özleşdirýäris

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda obasenagat toplumynda geljekde zähmet çekjek hünärmenleriň ýokary taýýarlykly bolmagy döwrüň talaby bolup durýar. Biz — talyp ýaşlar üçin mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalyk işgärleriniň ähli tutumlaryna gatnaşmaga mümkinçilikleriň döredilmegi geljekde saýlap alan kärimiz boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegimize ýardam berýär. Häzirki günlerde okuw mekdebimize bölünip berlen meýdançalarda köpçülikleýin bag ekişine işjeň gatnaşýarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge mynasyp goşandymyzy goşýarys. Ýokary okuw mekdebimiz bilen hyzmatdaş hojalyklaryň önümçilik binýadynda halypa mugallymlaryň we hünärmenleriň ýolbaşçylygynda agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnologiýalaryny özleşdirýäris. Miweli, saýaly we pürli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň we olary sebitler boýunça oturtmagyň kartasyny düzmegiň örän ähmiýetli aýratynlyklaryny öwrenýäris. Mysal üçin, meýdanlara yssa çydamly we suwsuzlyga durnukly tut nahallary oturdylsa, topragyň himiki düzümini arassalamaga ukyply bolýar. Tut agajy oňat kök ulgamyny alansoň, topragyň düzümindäki şory sorup alýar. Daglyk, baýyrlyk ýerlerde subtropiki agaçlary — nar, pisse we beýleki miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek amatly hasaplanylýar.

«Sen ýeri ýer etseň, ýer seni ner eder»

Her paslyň öz gözelligi bar diýsek-de, bahar paslynyň keşbi janlanyşa öwrülýän täsin bir gözellik. Ýer ýüzi toý lybasyna giren gözeller ýaly al-elwan öwüsýär. Bu doýulmaz gözellik ynsana çagalygyny, ýaşlygyny ýatladýar. Çagalykda  çopantelpekleriň, peçekleriň güljagazlaryndan özümizçe çemen baglardyk. Güllere gonan kebelekler, saýraýan guşlar, asmanda görünýän älemgoşar, akja kömelekler çaga kalbymyzyň ýatdan çykmajak şatlykly pursatlarydy. Biziň üçin dünýäniň ähli gözelligi şol ýerde jemlenen ýalydy. Türkmen edebiýatynda uly yz galdyran, ýazyjy Arap Gurbanowyň eserlerinde tebigatyň, bahar paslynyň suratlandyrylyşy özboluşly aýratynlyga eýe. Awtor bu gözelligi bir gezek aşyklaryň baga seýlinde suratlandyrsa, ýene birinde ilkinji açylan bahar bägüllerini görkezmek üçin agtyjagyny uly söýgi bilen säher çagy oýarýan atanyň keşbinde, bir gezek çigildem güllerini mugallymyna gowşurmaga howlugýan çaganyň şatlygynda, şeýle-de ekin ekmek üçin ýaňy sürlen giň meýdanlardan gelýän topragyň ýakymly ysynda ýüze çykarýar. Ýazyjynyň garaýşyça, baharyň her bir pursady ajaýyp gözellik.

Garagumuň genji-hazynasy

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, milli aýratynlyklaryny goramaga, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň umumy tutýan meýdanynyň agramly bölegini özünde jemleýän, ajaýyp gözellikleri, tebigy täsinlikleri bilen haýran galdyrýan Garagum sährasy halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy. Garagum sährasynyň selinli-sazakly gollaryna, ýowşan ysy kükäp duran düzlüklerine, kaklary mele suwdan pürepür takyrlaryna seýil–seýrana çykanyňda, munuň şeýledigine hasam içgin göz ýetirýärsiň. Al-elwan güllere beslenip gelýän pasly baharda-da, ir–iýmişlere baý çogly tomusda-da, çigrek howaly tyllaýy güýzde-de, dumly-duşy aklyga besleýän ak garly gyşlarda-da sahawatly sähramyzyň özboluşly tebigy gözellikleri diýseň köpdür.

Owlak-guzularyň fiziologik ösüş aýratynlyklary

Güneşli Diýarymyzda dowardarçylykda doly bahaly sagdyn nesil almak üçin täze bolan owlak-guzulary talabalaýyk, dogry ösdürip ýetişdirmek zerurdyr. Guzuly goýunlary idetmekde amatly bolar ýaly, olardan uly bolmadyk aýratyn toparlar düzülýär. Bu toparlarda, esasan, guzularyň ýaşy, ösüş derejesi we saglyk ýagdaýy nazarda tutulýar. Ýaşy boýunça guzuly goýunlaryň üç topary bolýar. Olaryň birinjisi gije-gündiziň dowamynda täze guzy beren hemme ene goýunlardan düzülen guzuly goýunlaryň aýratyn toparydyr. Muňa «körpe topar» diýilýär (täze bolan guzular 3 güne çenli), bu toparda guzular tä bonitirowka (saýlap-seçip almak) edilýänçä saklanýar. Ikinji toparyň guzulary 3-den 7 güne çenli saklanýar. Şonda guzuly goýunlaryň sany 50-70-den köp bolmaly däl. Üçünji tokarrak toparda 7-15 güne çenli guzuly goýunlaryň baş sany 150-den köp bolmaly däl. Süňňi sagat guzular eneleri bilen az-azdan tokar topara geçirilýär. Bu toparda guzular tä enelerinden seçilip aýrylýança, 4-4,5 aýa çenli bile bakylýar.

«Daýym anbar saçar güli türkmeniň»

Banan arassalaýan robot

Ýapon alymlary tarapyndan döredilen neýroulgam robotyna bananyň daşky gabygyny arassalamagy öwretmek başartdy. Bu täzelik Tokio uniwersitetiniň alymlaryna degişlidir. Çylşyrymly işleri emgenmän ýerine ýetirip bilýän robotlar käte ýönekeý işde «başyny ýaýkap» duruberýärler. Mysal üçin, miweleriň daşyny arassalamak. Ýaponiýaly alymlar robotlara bu hereketi hem öwretdiler. Indi robot eýesine banan arassalap berýär.

Balyklaryň täze 212 sany görnüşi tapyldy

«Shoal» tebigaty goraýyş wekilhanasy geçen ýyl süýji suwda ýaşaýan balyklaryň sanawyny çap etdi, onda balyklaryň 212 sany täze görnüşi bar. Alymlar täze görnüşleriň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýärler. Mysal üçin, «Iks adamlar» filmindäki Rosomahanyň hormatyna «Hopliancistrus wolverine» diýlip atlandyrylan balygyň gizlin tiken görnüşli «ýaragy» bar.