Türkmen — hindi gatnaşyklarynyň täze basgançagy

5 Aprel 2022
785

Ynsanlaryň arasyndaky dostluk mizemez ynama daýanýar. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halklaryň arasyndaky dostluk bolsa syýasy, ykdysady we medeni babatdaky özara ynanyşmak ýol-ýörelgelerine daýanýar we berkeýär. Türkmen-hindi dostluk gatnaşyklary hem şeýle ynsanperwer ýörelgeli häsiýete eýedir.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň bahar pasly ýurdumyzyň syýasy durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da ýatdan çykmajak buýsançly wakalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Bu pasylda şeýle ýakymly wakalaryň ýene biri hem 1– 4-nji aprel aralygynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynda bolmagydyr. Bu döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji sapary bolup, türkmen-hindi halklarynyň dostlugynyň täze tapgyrynyň başlangyjyna öwrüldi.

«Bereketli toprak».