"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Täze hasylyň düýbi tutulýar

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň «Şabat» daýhan birleşigi gök ekerançylyk bilen meşgullanýan hojalyklaryň biridir. Bu daýhan birleşigiň kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 46 gektar ýere sarymsak, 133 gektara sogan ekip ýetişdirmegi maksat edinýärler. Daýhan birleşigi sarymsak we sogan ekjek 200 sany kärendeçi bilen şertnama baglanyşdy. Häzirki wagtda ekin ekilen ýerlerde işler ýokary depginde, gyzgalaňly alnyp barylýar. Kärendeçiler Umidjan Baltaýewiň, Şasenem Taňyrberdiýewanyň, Anwar Ýoldaşowyň we beýleki öňdebaryjylaryň eken gök ekinleri bolan sogan we sarymsak kadaly gögeriş alyp, gök öwsüp otyr. Daýhanlar özlerine döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza sagbolsunlaryny aýdýarlar.

Ýüpekçi zenanyň yhlasy

Ýurdumyzda gymmatly çig mal bolan pile öndürmek işi, ýüpekçilik döwrebap derejede ösdürilýär. Her ýyl Watanymyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garahowuz geňeşliginiň ýüpekçisi hem-de kärendeçisi Dowlat Soýunowa welaýatda ilkinji bolup, Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyrdy. Dowlat Soýunowa ýaşlygyndan pagta ýygyp, suw tutup, her ýyl ýüpek gurçugyny idedýär. Ol indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri gowaça ekip, ýüpek gurçugyny idedip, ilkinjileriň hatarynda yhlas edip, Watanymyzyň kümüş çäjine öz goşandyny goşup gelýär. Yhlasly zenan ýokary hilli we bol pile hasylyny almak üçin öz kärende ýeriniň gyralaryna tut nahallaryny ekip ýetişdirýär. Tejribeli ýüpekçilerden bol hasyl almagyň inçe syrlaryny öwrenendigi üçin ýüpek gurçuklarynyň iýmit üpjünçiliginde bökdençlik döränok. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde ussatlyga ýeten Dowlat daýza ýüpekçilikde gazanan tejribesini çagalaryna öwredip, agtyklary Şanur, Allanur, Pälwan, Emine dagyny hem bu döwletli işe çekýär. 57 ýaşly gaýratly zenan, 4 agtygyň enesi ýaş daýhanlara we ýüpekçilere görelde bolup, ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýakyndan goldaýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini buýsanç b

Daýhan hojalygy — önümçiligiň zamanabap gatnaşyklary

Berkarar döwletimizde daýhana halal baýamaga, maşgala agzalary bilen bilelikde zähmet çekip, döwletli ojagyň eýesi bolmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatyna döredilip berilýän şeýle mümkinçilikleriň biri hem daýhan hojalygydyr. «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasyna daýhan hojalygy diýilýär. Sada dil bilen aýdylanda, daýhan hojalygyna daýhanyň maşgala telekeçiligi diýseňem bolýar. Är-aýallar, kämillik ýaşyna ýeten çagalar, şol sanda perzentlige alnan çagalar, ata-eneler we beýleki ýakyn garyndaşlar daýhan hojalygynyň agzalary bolup bilýärler. Şeýle-de, daýhan hojalygyny döredip, onuň işini ýöredýän işewür maşgala özleriniň telekeçilik — oba hojalyk işine kömekçi hökmünde zähmet şertnamasy esasynda işçi güýjüni, ýagny, işgär hem alyp bilýär. Daýhan hojalygy ony esaslandyryjynyň, ýagny, haýsy hem bolsa, maşgala agzalarynyň biriniň karary boýunça döredilýär we esaslandyryjy bilen şertnama baglaşylýar. Aslynda, daýhan hojalygy ýuridik şahs bolup durýar we beýleki edara-kärhanalaryňky ýaly onuňam Tertipnamasy bolýar. Daýhan hojalygyny esaslandyryjy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna, daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýer böleginiň, mallaryň, guşl

Çagalyk söýgüsinden başlanan seýisçilik ýoly

Taryhda özüniň edermenligi, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen tanalýan ahalteke bedewlerimiziň tohumy ussat seýislerimiziň yhlasy bilen dowamat dowam bolup, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Ata Watanymyz Garaşsyzlyga eýe bolandan soňra, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy has-da belende galdy. Türkmen halky indi ençeme ýyldan bäri Türkmen bedewiniň milli baýramyny aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly toý-dabara bilen belläp geçýär. Bu baýram her ýyl tutuş ýurdumyz boýunça atly sportuň dürli görnüşleriniň guralmagy bilen şowhun-şagalaňa beslenýär. Her ýyl bu baýramyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky maslahaty hem geçirilip, atşynaslygy, atçylyk sportuny ösdürmekde tapawutlanan seýislere, çapyksuwarlara, atşynaslara hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döwlet sylaglary gowşurylyp, hormatly atlar hem dakylýar. Şu baýramçylyk çäreleriniň döwlet derejesinde geçirilmeginde türkmen halkynyň milli buýsançlaryna, gymmatlyklaryna goýýan hormatlarynyň neneňsi beýikdigini aýdyň görmek bolýar.

Taryhy ýadygärlikleriň ojagy

Eziz Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologiýa ýadygärliklerine juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Türkmenistanyň bereketli topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda gadymy arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek üçin birnäçe taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Şol taryhy-medeni goraghanalaryň biri hem 1991-nji ýylda döredilen «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasydyr. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri tarapyndan Balkan welaýatynyň çägindäki taryhy-arheologiýa, arhitektura ýadygärlikleriň 240-dan gowragy hasaba alnyp, olary goramak bilen birlikde, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerlerde rejeleýiş işleri hem alnyp barylýar. Bu, ilkinji nobatda, bişen kerpiçden bina edilen ymaratlara degişlidir. Goraghananyň çäklerindäki ýadygärlikleri goramak, öwrenmek bilen, rejeleýiş çäreleriň durmuşa geçirilendigine garamazdan, heniz edilmeli işleriň iň esasylary öňde. Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda ýerleşýän Dehistan düzlüginde ýadygärlikleriň ençemesi bar. Bu ýerde gadymy döwürlerden başlap, orta asyrlara çenli medeniýetleriň gülläp ösendigini taryhy maglumatlar tassyk

Şygryýet älemi

Eziz ýurdum Al güllerden başa orap öýmesin,Sähralaryň saka ylham goruma.Neneň şahyr kalbym seni söýmesin,Maýsalaryň täsin joşgun serime.

Hasyl ýygymy bir aý giç başlady

Azerbaýjanyň Jelalabat etrabynda ýurtdaky iň uly ýertudana ýyladyşhanalary ýerleşýär. Ýakynda daýhanlar ýertudana ýygymyna girişdiler. Bu etrapda şu ýyl has köp hasyla garaşylýar. Ýurtda şu ýylyň baharynda köp ýagan ýagmyr hasyl möwsümini adatdakysyndan bir aý yza süýşürdi. Bu sebitde ýertudananyň gabriella, montereý, murano ýaly sortlarynyň 5-si ekilýär. Murano sortuna daşary ýurtlarda has uly isleg bildirilýär. Ýyglan hasylyň ýarysy Russiýa ugradylýar.

Katarda pandalaryň seýilgähi dörediler

Mundan soň pandaly seýilgähleri diňe Hytaýda däl-de, Katarda hem görüp bilersiňiz. Ýurduň Hökümeti Al-Hore şäherinde pandalar üçin ýöriteleşdirilen seýilgähi döretmegi meýilleşdirýär. Bu seýilgäh şu ýylyň ikinji ýarymynda açylyp, ulanylmaga berler.

Ýitendir öýdülýärdi, bar eken

Adamzat ýene bir ýitigini Ekwadoryň günbataryndaky Sentinel daglarynyň etegine ýaýran tropiki tokaýlardan tapdy. Ol ylmy dilde «Gasteranthus extinctus» diýlip atlandyrylýan güldür. Bu gül mundan kyrk ýyl ozal ýitip, ýok bolup gidendir öýdülýärdi. Emma adam aýagy sekmedik tokaýda bu gülüň ösýändiginiň üsti açyldy. Ýitgini ABŞ-nyň Çikago şäheriniň Fildsow muzeýiniň alymlary tapdylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ösümligiň gaýtadan gögerip çykmagy tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Täsin maglumatlar

Alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesi boýunça berilýän köp sanly maglumatlara görä, atlaryň görüjiligini, syzgyrlygyny, ýatkeşligini beýleki hiç bir haýwanlaryňky bilen deňeşdirip bolmaýar. Atlar yslary oňat saýgarýarlar we ýatda saklaýarlar. Olar eýeleriniň keýpiniň nähili ýagdaýdadygyny duýýarlar. Atlaryň ýene-de bir geň galdyryjy häsiýeti, olaryň oňat, mylaýym sazlary gowy görýändikleridir. Güňleç we gümmürdili sazlary olar halamaýarlar. Geň galdyrýan ýeri bolsa, olaryň göwünlerine hoş ýakan sazlaryň sesi çala eşidilýän bolsa hem, olary gulaklarynda güýçlendirip bilýänligidir. Bu häsiýet başga hiç bir haýwanda ýokdur.

Saglyk — baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Beden maşklaryny ýerine ýetiriň, sport bilen meşgullanyň!

Gadyrly okyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň  öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Türkmenistan — Tatarystan: dostluk daragty gülleýär

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halkyna ýollan abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman türkmen-tatar hyzmatdaşlygyna hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýene bir gezek doganlyk Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem Prezident Rustam Minnihanow döwlet Baştutanymyzy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlap, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy, dünýä siwilizasiýasynyň gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň şöhratyna şaýatlyk edýän dabaralara gatnaşmaga örän şatdygyny nygtady.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň Azi­ýa — Ýu­waş um­man Suw sam­mi­tin­dä­ki ÇY­KY­ŞY

(2022-nji ýy­lyň 23-nji ap­re­li) Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz!

Zeminde Eremdir türkmeniň bagy, paýtagt Aşgabat — dünýäň ykrary

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny doly güýjünde işletmek, pagtaçy-kärendeçileri zerur bolan gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekine ideg etmek, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de olara ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna degişli bioönümleri ulanmak işleriniň, bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Durmuş dowamlylygynyň özeni

Bag, ösümlik dünýäsi barada söz açylanda, ilkinji nobatda, daş-töweregimizi gülzarlyga büräp, onuň ynsanlara berýän ruhy lezzeti hakydaňa gelýär. Belki-de, döredijilikde hem ylham gönezliginiň başlangyjy tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan ösümlik dünýäsidir. Ösümlik bilen bezelen baýyrlyklar, derelerdir düzlükler ýaşaýşa bolan söýgiňi, joşgunyňy artdyrýar. Halkymyzda pederlerimizden bize miras galan sogaply işleriň biri-de, bag ekmek, agaç oturtmak, töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek işidir. Bu umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer çäräniň döwlet derejesinde ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bize görkezen nusgawy ýörelgesi halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, üstünlikli dowam etdirilýär. Ýylyň ýaz we güýz paslynda geçirilýän bag ekişlik dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeginde ildeşlerimiz agzybirlikde, uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şu ýylyň 20-nji martynda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, ilkinji döwletli işi sahawatly çärä — köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşmak boldy. Bu dabaranyň berekediň baýramy bolan Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde hem özboluşly many bar. şu ýylyň ýazky bag ekmek dabarasyna ilkinji agaç nahalyny oturdyp, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlere badalga bermegi dünýä ýüzünde nusgalyk göreldä eýe boldy. Şunlukda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki b

Garagumuň suw baýlyklary

Gadym döwürlerden bäri ata-babalarymyz ýerden, suwdan we beýleki tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ýörelgelerini hojalyk işlerine berk ornaşdyrypdyrlar. Garagum sährasynda, dagetek düzlüklerinde, derýa aýaklarynda ýaşan pederlerimiz ýagyş, gar we sil suwlaryny ekin ekmek, mal bakmak işlerinde rejeli peýdalanmagy başarypdyrlar. Dag eteklerinde iň çylşyrymly we gurmasy kyn bolan kärizleri gazyp, ýerasty suwlary ýeriň ýüzüne çykaryp, suwarymly ekerançylygy ýola goýupdyrlar. Takyrlyk meýdanlarda ygallaryň, gar-ýagşyň suwuny ýygnamak boýunça inçe syrlary we tejribeleri gazanypdyrlar. Mallaryny suwa ýakyp, ýaşan ýerlerini bagy-bossanlyga öwrüpdirler. Meşhur taryhçylaryň ýazgylaryndan has geň galarlykly maglumatlary görmek bolýar. Ata-babalarymyz sähralyk şertlerinde ýagyş-sil, çeşme, derýa suwlaryny howdanlary we beýleki gidrotehniki desgalary gurmak arkaly ýygnap, ululy-kiçili ýaplary gazyp, ekerançylyk medeniýetini has ýokary derejelere götermegi başarypdyrlar. Ýerasty suwlaryň ulanylyş taryhy baradaky ýazgylar biziň günlerimize gelip ýeten maglumatlaryň has gadymylarynyň biridir. Mysal üçin, Türkmenistanyň çäklerinde biziň eýýamymyzdan öňki asyrlarda ýerasty suwlaryň Garagum sährasynda guýularyň kömegi bilen alnandygy ýa-da kärizler arkaly Nusaýa we beýleki şäherlere getirilendigi barada maglumatlar bar. Bu maglumatlar şol döwrüň hünärmenleriniň ýerasty suwlaryň ýatyş, here

Ak ekinler iýmitlendirilýär

Tagtabazar etrabynyň gallaçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen, 7 müň 500 gektar ýerde ekilen galla meýdanynda bol hasylyň kemala getirilmegi üçin ähli ukyp-başarnyklaryny bugdaý idegine gönükdirýärler. Olar agrotehniki çäreleriň her birini öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyrmagyň hötdesinden gelip, ekin meýdanlarynda joşgunly zähmet çekýärler. Bu ýerde ak ekinlerini ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler utgaşdyrylyp, ýokary depginde alnyp barylýar. Ak ekinlere ideg etmekde «Azatlyk», «Ýaşlyk», «Marçak» daýhan birleşikleriniň hem-de «Gözel ýaýla» açyk görnüşli we «Gözel künjek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň agzalary nusga alarlyk iş bitirýärler. Olaryň ekin meýdanlarynda ösümlikler 2-nji gezek iýmitlendirilýär, 2-nji, 3-nji gezek ösüş suwy tutulýar. Haşal otlaryň garşysyna göreş çäreleri bolsa, yzygiderli we ýokary hilli geçirilýär.

Ýüpek gurçugynyň idegi

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri 4600 guty ýüpek gurçugyny idetmegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýdular. Tejribeli ýüpekçilere paýlanyp berlen ýüpek gurçuklarynyň saklanyljak jaýlary bireýýäm doly taýýar edildi. Etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti welaýatymyzda öňdebaryjy hojalyklaryň biri hökmünde giňden tanalýar. Bu hojalykda 1241 sany ýüpekçi kärendeçi bilen şertnama baglaşyldy. Gurçuk tohumyny talabalaýyk idetmek bilen, geljekde hojalykda jemi 48 müň kilogram ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Meýilnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmek üçin ýüpekçiler häzirden janypkeşlikli zähmet çekýärler.

«Altyn gülüň» pomidorlary

«Altyn gül» hususy kärhanasy Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginde ýerleşýär. Bu hususy kärhana Jorakuly Hemraýew ýolbaşçylyk edýär. «Altyn gül» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda häzirki wagtda pomidoryň «Marwelans» sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, pomidoryň bu sortunyň ýanynda «Çerri» görnüşi hem bar. Bu ýerde otuz sany işgär zähmet çekýär. Olar, esasan, ýyladyşhanada pudama, ýaprak alma, dolama işlerini geçirýärler.