"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Mertler watany beýgeldýär

9-njy maýda ýurdumyzda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. «Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli hormatly uruş weteranlaryna we türkmen halkyna iberen Gutlagynda belledi.

Dialog — parahatçylygyň kepili

Ata Watanymyz dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilip, bu ýerde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik ýörelgeleri dabaralanýar. Munuň şeýledigini ak şäherimiz Aşgabatda 12-13-nji maýda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy doly ykrar edýär. Döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk; Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe gitmegiň ynamly ýoly; Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy diýen üç ugur bilen öz işini dowam etdirjek forum sebitde hyzmatdaşlygy goldamaga, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, ykdysady we durmuş çygrynda parlamentara dialogynyň ornuna aýratyn ähmiýet bermäge, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde parlamentarilere giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilýär.

Ýurduň Konstitusiýasy — halkyň arzyly maksatlarynyň beýany

Konstitusiýa belli bir ýurduň hukuk esaslaryny emele getirýän, halkyň erk-islegini beýan edýän jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň wajyp başlangyçlaryny özünde jemleýän hukuk resminamasy, döwletiň asudalyk durnuklylygynyň, adalatlylyk edep-kadalarynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, parahatçylyk gatnaşyklarynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň synmaz sütüni hasaplanýar. Her bir ýurduň Konstitusiýasy onuň halkynyň arzyly maksatlarynyň beýany bolup çykyş edýär. Şonuň ýaly-da, Konstitusiýa döwlet kanunçylyk ulgamynyň gözbaşy bolup, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda onuň kadalarynyň we düzgünleriniň gös-göni hereket edijilik, kanunyň hökmürowanlyk häsiýetini kesgitleýär. Her bir döwletiň, halkyň taryhynda has täsirli, möhüm ähmiýetli, şan-şöhratly seneleri bolýar. Türkmen halky üçinem, Esasy Kanunymyzyň kabul edilen güni — 1992-nji ýylyň 18-nji maýy şeýle mübärek günleriň biridir. Şol günden bäri ýurdumyzda bu şanly sene şatlyk-şüweleňe beslenilip, medeni-köpçülikleýin dabaraly çäreler bilen bellenilip gelinýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 2018-nji ýyldan bäri, Esasy Kanunymyzyň taryhy senesiniň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen bilelikde bellenilip geçilmegi bolsa, bu baýramçylygyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyryp, halkymyzyň buýsanç-şatlygyny goşalandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zama

Ideg işleri talabalaýyk geçirilýär

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň Nazly Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bol hasylyny almak üçin geçen ýylyň güýzünde 1050 gektar ýerde güýzlük bugdaý ekişini geçirdiler. Şonça ýere gallaçy kärendeçileriň 356-sy eýeçilik edýär. Daýhan birleşigiň öňdebaryjy kärendeçilerinden Hudaýguly Öwezow, Tawus Gurbangulyýewa, Baýramgeldi Geldiýew, Tagangylyç Ýegelekow dagy bugdaýdan bol hasyl almak ugrunda netijeli işläp, zähmet üstünlikleri bilen tapawutlanýarlar. Ekişiň bellenen wagtda, ýokary hilli geçirilmegi netijesinde, bugdaý ekilen ýerlerde endigan gögeriş gazanyldy. Häzirki wagtda kärendeçiler ýaş bugdaýlary uly alada bilen gurşap, ideg işlerini talabalaýyk berjaý edýärler. Bugdaýlary goşmaça mineral dökünleri, ders çüýrüntgisi bilen iýmitlendirmek işleri dowam etdirilýär. Bu işlerde daýhan birleşiginiň dürli kysymly tehnikalarynyň 3-siniň sazlaşykly işledilmegi gazanylyp, her günde 43–46 gektar meýdanda bugdaý ekinini dökünläp iýmitlendirmek işleri agrotehniki talaplara laýyklykda amala aşyrylýar. Tehnikalara Haýtmämet Babaýew, Täçdurdy Allanow, Baýmyrat Soltanmyradow ýaly öz işine ezber mehanizatorlar erk edip, her gününi zähmet üstünliklerine besleýärler.

Bol pile ugrunda

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýüpekçileri bol, ýokary hilli, gymmatly çig mal bolan piläni öndürmegi maksat edinýärler. Olar şu möwsümde etrap boýunça jemi 3499 guty ýüpek gurçugynyň tohumyny janlandyryp, kadaly idedýärler. Häzirki wagtda etrabyň ähli daýhan hojalyklarynda, daýhan birleşiklerinde öňde goýlan borçnamalary doly ýerine ýetirmek maksady bilen, işler uly depgin bilen alnyp barylýar. Bu ugurda etrabyň öňdebaryjylary – Ýaşuzak Bäşimow, Dilaram Jumaýewa ussat ýüpekçiler hökmünde tanalýar. Olaryň hersi 70 – 75 kilogramdan ýokary hilli piläni Watan harmanyna tabşyrmagy borç edinýärler. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetleri we Kärdeşler arkalaşygynyň, Ýaşlar guramasynyň wekilleri hemişe ýüpekçileriň arasynda bolup, olaryň «armasyny» ýetirip, wagyz-nesihat işlerini ýerine ýetirýärler.

Göreldesi bilen tapawutlanýarlar

Murgap etrabynyň H.Jumaýew adyndaky geňeşliginiň ýüpekçileri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda pile tabşyrmak boýunça borçnamalaryny uly üstünlikler bilen ýerine ýetirýärler. Geňeşligiň ýüpekçisi Ýazjuma Muhammedowa öz maşgalasy bilen alan 22 gram ýüpek gurçugyna yhlasly ideg edip, ondan 76 kilogram ýüpek piläni tabşyrdy. Mundan başga-da, bu geňeşlikde ýüpek gurçugyny idetmäge işjeň gatnaşýan birnäçe öňdebaryjy ýüpekçileriň atlary buýsanç bilen tutulmaga mynasypdyr. Olardan Ogulsapar Kelowa 30 gram, Ogultuwak Atanowa 50 gram, Atajan Saryýew 30 gram ýüpek gurçugyny idedip, özleriniň pile tabşyrmak baradaky borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmegi başardylar.

Owazyna maýyl edýän mukamlar

Türkmen mukamlarynyň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Gadymy Gürgençdäki Al Mamunyň akademiýasynyň alymlary Muhammet Faraby, Ibn Sina, Al-Biruny, has soňrak Alyşir Nowaýy Gündogar sazy barada taglymatlaryny döredipdirler. Türkmenlerde sazyň piri Babagammar, Aşyk Aýdyň Pir hasaplanýar. Olar baradaky rowaýatlardyr kyssalar, dessanlar biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. şeýle şahsyýetleriň şan-şöhrata eýe bolmagynda, olaryň ýan hemrasy — gazma dutarynyň uly ähmiýeti bolupdyr. Halkymyzda bu milli senede «pirli senet» diýilýär. Mukamlaryň üsti halypadan şägirde geçip, täzeçe öwüşginler, inçe tilsimler, aýlawlar bilen doldurylyp sünnälenipdir. Kä ýagdaýda mukamlar üýtgedilmän, asyl nusgasynda ýerine ýetirilipdir. Ussat sazandalar tarapyndan ýerine ýetirilen mukamlarda halkyň taryhynyň we saz medeniýetiniň ösüşiniň döwürlerini görmek bolýar. Biziň döwrümizde halypalardan galan birnäçe mukam bellidir. Olar: «Goňurbaş mukamy», «Gökdepe mukamy», «Aýralyk mukamy», «Şadilli mukamy», «Berkeli çokaý mukamy», «Mukamlar başy» mukamlardan ybaratdyr.

Ýakymly pursatlar

Goşa tardan zarňyldap çykyp, kalbyňa mähir mukamy bolup dolýan dutaryň owazynyň süňňüňe ornaýşy üýtgeşik, on iki süňňüň syzlap, ruhuň ganatlanyberýär. Hyýalyňda barmaklaryň şol ussadyň barmaklary bilen deň hereket edýär. Ähli ünsüň gazma dutara berilýär. Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar,Biri Magtymguly, biri goşa tar.Şol goşa gudrata älem hyrydar,Owazy jahana ýaýran dutarym.

Tebigatymyzyň täsinlikleri

Häzirki döwrüň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň çäginde guşlaryň 436 görnüşine duş gelmek bolýar. Olaryň arasynda ýurdumyzda oturymly, gyşlaýan we yssy ýurtlara göçüp gidýänleri-de bar. Kiçi garajagaz — Türkmenistandan uçup geçýän, höwürtgeleýän we gyşlaýan guş. Ol, esasan, Sarygamyşda we Amyderýada duş gelýär. Gamşyň üýşmeklerinde, suwda we kenarýakada, gyrymsy agaçlarda topar bolup höwürtgeleýärler. Esasy iýmiti balyklar, seýrek halatda ýerde-suwda ýaşaýanlar ýa-da suw oňurgasyzlary.

Gül açan arzuw (hekaýa)

Ine, bu gün hem ýaşuly bagban Eşret aga hemişeki endigine eýerip, daňyň düýbi çyzylandan kärende ýerinde ýetişdiren bagynyň içinde häzir boldy. Onuň çaky dogry hem bolup çykdy. Guşlar bireýýäm ukudan açylyp, şahadan-şaha towsuşyp ýörüşlerine şeýle bir saýraşýardylar welin, olaryň owazlary bir görseň, aýdyma, bir gulak gerseň-de hüwdä, gaýtadan dykgat etseň, lälä çalymdaşdy. Eşret aga şeýle pikir öwürdi: «Diňe ýüregiň çuňundan joşup çykan duýgy seni şeýle ajaýyplyklar bilen begendirip bilýär. Wah, şu owazlary bolşy ýaly nota geçirip bolsady, onda saz dünýämiz diňläp, ganyp bolmaýan mukamlar bilen has-da baýlaşardy. Adamlaryň ruhy dünýäsi öňküsinden-de gözelleşerdi. Bu ýeriň eşrepi howasyna näme diýip, näme aýtjak. Müň bir gülleriň ysy siňen howany demiňe dartdygyňça, kalbyň joşa gelip, ruhuň terlenýär, göwün guşuň al-asmanda ganat kakýar. Tenekar howanyň her bir ýuwdumy «dirilik demi» diýilýänlerden bolsa gerek. Häzir meniň, berenine şükür, 66 ýaşym bar. Her gezek bu bagyň içine gelenimde ýigitlik çagyma dolanan ýaly bolýaryn». Bu bagda ir oýanan diňe guşlar hem däl ekeni. Balarylarydyr özge ganatly mör-möjekler hem durşuna «wyzzylda» berlişip, gülden-güle gonuşlaryna, garabaşlaryna gaýdylar. Ýaşuly olar bilen sözleşýän şekilde dil açdy: «Hä, şeýdiň-de, gaýrat edeweriň, berekella! Siz meniň ýakyn kömekçilerim ahbetin! Agaçlar güllänlerinde näme. Tozanlandyryş işleri geçirilmese

Şäherlerimizdäki baglar

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi bilen bagly taryhy waka buýsançnama Yklymlara nusgalykdyr,Şäherlermizdäki baglar.Al güllere beslenipdir,Şäherlermizdäki baglar.

Benewşe reňkli ýeralma

Taryhy maglumatlara görä, adamlar ýeralmany 8000 ýyldan bäri iýmit hökmünde peýdalanyp gelýärler. Häzirki wagtda Ýer togalagy boýunça ýeralmanyň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň biri hem benewşe reňkli ýeralmasydyr. Ösümligiň bu görnüşi XIX asyrdan başlap ekilip başlandy. Ol ýeralmanyň medeni we ýabany görnüşleriniň çaknyşdyrylmagynyň netijesinde döredildi. Onuň düzüminde köp mukdarda antosianlar saklanýar. Benewşe reňkiniň bolmagy hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Bu maddalar beden üçin örän peýdaly bolup, gözüň görüş ukybyny güýçlendirýär. Benewşe reňkli ýeralma özünde witaminleri, kaliý we demir ýaly minerallary köp mukdarda saklaýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, onuň düzümindäki hlorogen kislotasy antioksidant häsiýetli bolup, ol fiziki işjeňligiň netijesinde ýag dokumalarynyň dargamagyna getirýär we bagry dürli kesellerden goramaga ukyplydyr.

Saglyk — baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Beden maşklaryny ýerine ýetiriň, sport bilen meşgullanyň!

Gadyrly okyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň  öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Döwrebap ösüşler — nurana geljegimiziň hatyrasyna

2-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen «Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine bardy. Baýramçylyk günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany ýetik boldy. Hormatly Arkadagymyz mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, asylly däbe öwrülen Oraza baýramynyň hormatyna yglan edilen baýramçylyk gününde agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Ömrüň manyly menzilleri

«Ömrüň manysy ýyllar bilen däl-de, bitirilen işler bilen ölçenilýär» diýýän şahyr mamla. Ynsan ogly haçan-da, özüni durky-düýrmegi bilen il-günüň hyzmatyna bagyş edip, il bähbitli işleri bitirende, diňe şonda öz ömrüni manyly hasap edýär. Çünki ömre many çaýýan zatlaryň içinde il-güne hyzmat edip, haýyrly işleri bitirmek, ýagşy at, ýagşy görelde galdyrmak ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyna ser salanyňda, ynha, şeýle duýgy-düşünjeler ýürek törüňi gurşap alýar-da, seni çuňňur oýlaryň jümmüşine atarýar... «Halkymyz hemişe ýagşylyga ýaran bolup gelendir, her ýerde, her ýagdaýda ýagşylygy ündändir. Şunuň bilen baglanyşykly, meniň çuňňur ynanjyma görä, her bir adam öz geçen ýoly, şu güni, geljegi barada çynlakaý we düýpli oýlanmalydyr. Men şunça ýoly nähili geçdim? Nämeleri bitirdim? Şu gün nähili bolmaly, nämeleri etmeli? Galan ömrümi nähili ýaşamaly? Ine, şeýle soraglary, kärine we derejesine seretmezden, her bir ynsan öz-özüne bermelidir». Kitapdan getirilen bu parçada eseriň süňňüni düzýän esas açylyp görkezilýär. Manyly ýaşamaga çalyşýan her bir ynsanyň öňünde keserýän bu soraglar ömri ömür etmegiň, oňa many çaýmagyň ilkinji basgançagydyr. Çünki ol soraglar iňňän oýlanyşykly, düýpli hem-de netijeli jogaplary talap edýär. Jogaplaryň saldamyna laýyklykda bolsa, ömrüň «agramy» ölçenilýär.

Daşky gurşawyň goragy — döwrüň derwaýyslygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuň mazmunly çykyşlarynda: «Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar» diýip belleýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady tutulan ekologiýa syýasatynyň mundan beýläk-de rowaçlyk tapjakdygynyň, ilatyň saglygynyň hem-de ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň güwäsi bolmak bilen, ýurduň durnukly ösüşiniň hatyrasyna ýerine ýetiriljek ägirt işleriň dabaralanmasy bolup ýaň saldy. Ösen ykdysadyýetiň şertlerinde ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak, «ýaşyl ykdysadyýetiň» gerimini giňeltmek we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Daşky gurşawy goramakda, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalaryna ýardam bermek Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýly

Ammarlardan — ak bazarlara

Welaýatymyzdaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň 3 müň tonna barabar bolan gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin gurlup, ulanmaga berlen ammar 2016-njy ýylda işe girizildi. Bu ýerde daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy, olardan dürli gök we miwe önümleri satyn alnyp, ammarda ýerleşdirildi. Häzirki döwrüň ösen kämil enjamlary bilen doly üpjün edilen bu ammarda önümi kabul etmek, saklamak we bellenilen ýerlere ugratmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Kärhanada 10-a golaý ýük awtoulagy önümleri getirmäge we niýetlenilen ýere eltip bermäge hyzmat edýär. Bu kärhana geçen ýyl daýhan hojalyklarynyň ençemesi bilen, şeýle-de aýry-aýry kärendeçi daýhanlar bilen özara şertnama baglaşyp, olaryň ýetişdiren önümlerinden, ýagny, 3,219 tonna ýeralmany, 120,5 tonna sogany, 69,8 tonna käşiri, 27,7 tonna kelemi, şular bilen birlikde dürli görnüşli bakja önümleriniň 37,70 tonnasyny satyn aldy. Bu bolsa iki tarap üçin hem peýdaly bolýar. Öz möwsüminde satyn alnan önümler ammarlara ýerleşdirilip, yzygiderlilikde elýeter bahalar bilen ilata ýetirilýär.

Islegli harytlaryň hatarynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji günlerinden joşgunly zähmet çekip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň has şöhratlanmagyna goşant goşýan önümçilikleriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Mary şäherinde ýerleşýän, 2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýetidir. Döwletimizde döredilen amatly ýeňilliklerden we mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, bazar bolçulygynyň has pugtalandyrylmagyna daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň köp öndürijiligine mynasyp goşant goşýan kärhana öndürýän önümleriniň hil derejesine aýratyn ünsli çemeleşýär. Şonuň üçin hem öz işine yhlasly ýaşlaryň köpsanlysyny özünde jemleýän kärhananyň öndürýän önümleriniň hyrydarlary barha köpelýär.

Tejribeli bagban

Tejribeli bagbanlar barada gürrüň gozgalsa, ilki bilen, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň bagbany Zulfiýa Allaýarowanyň adyny hormat bilen tutýarlar. Çünki bu zenan bagban 15 ýyla golaý wagtdan bäri şertnama esasynda alan 1 gektar kärende ýerinden bol hasyl alýar. Onuň kärende ýerinde oturdan dürli miweli agaç nahallary öz wagtynda iýmitlendirilip, suwaryş işleri geçirilmegi netijesinde bol hasyl berip başlady. Ýylyň-ýylyna bagyndan bereketli hasyl alýan tejribeli bagban bilen duşuşyp, bagbançylyk işleri barada söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Şu görüp duran miweli baglarymyzyň hemmesini sapyp ýetişdirdim, içinde damarlardan gögerenleri hem bar. Ýöne agajy sapsaň öňkülerden has tagamly, boldumly, göreniňde gözüňi dokundyrýan miweleri berýär. Bagymyzda almanyň 5, armydyň 6, garalynyň 4, erigiň 8, şetdalynyň 3 dürli görnüşi bar. Şonuň bilen bir hatarda miweli agaçlaryň nahallaryny hem özümiz ýetişdirýäris. Melleklerine miweli agaçlaryň nahallaryny oturtmaga isleg bildirýän adamlar gelip, bag nahallaryny elýeterli bahadan satyn alyp gidýärler. Oglum Dilşad, gelnim Zulhumar we agtyklarym hem meniň kömekçilerim.