"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Garagurt

Parasatly pederlerimiz tebigatyň önümlerinden, ir-iýmişlerinden dürli iýmitleri taýýarlapdyrlar. Olar ýokumlylygy, tebigy taýdan arassalygy bilen tapawutlanyp, saglyk üçin uly ähmiýete eýe bolupdyr. Olaryň köpüsi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle önümleriň biri-de, häzirki wagtda-da ýurdumyzyň käbir sebitlerinde, esasan-da, günorta-günbatar Türkmenistanda giňden taýýarlanylyp, halk lukmançylygynyň serişdesi hökmünde peýdalanylýan garagurtdur. Garagurt peýnirden syzylyp alnan suwdan taýýarlanylýar. Halkymyz haýsy bolsa-da, bir önümi taýýarlan wagty onuň hiç zadyny yrýa etmän ulanypdyr. Göräýmäge, peýniriň galyndysy döküläýmeli ýaly, emma ata-babalarymyz şol galyndydan hem dermanlyk önümini taýýarlamagy başarypdyrlar.

Şygryýet älemi

Baharyň waspy Gyşlaryň sowugy aýrylyp birýan,Toprak yzgar aldy ýagmyr-ýagyşdan.Tebigat ýer ýüzün otdan doldurdy,Tüweleme, geçip gitdi garyşdan.

«Haifa group» ekwadorda işini giňeldýär

Ysraýylyň «Haifa Group» kompaniýasy Niderlandlar Patyşalygynyň «Hortocoop» kompaniýasy bilen bu kompaniýanyň Ekwadorda lomaý dökün söwdasyny amala aşyrýan «Horticoop Andina» golçur kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşdy. «Horticoop Andina» eýýäm 12 ýyldan bäri Ekwadorda oba hojalyk dökünlerini lomaý görnüşde paýlamak işi bilen meşgullanýar. Ylalaşyga görä, kompaniýanyň häzirki ýolbaşçysy Martin Bekholt eýeleýän wezipesinde galar. Ýöne kompaniýanyň ady mundan beýläk «Haifa Ecuador» diýlip atlandyrylýar. Şeýlelikde, täze kompaniýa «Haifa Group-yň» 17-nji golçur kärhanasy bolar.

85 göterimi ekine siňer

Norwegiýanyň «N2 Appilied» kompaniýasynyň alymlary plazmanyň kömegi bilen alnan dökünde geçirilen synaglaryň netijesini paýlaşdy. Emele gelen organiki döküniň düzüminde metanyň we ammiagyň bardygy anyklanyldy. Alymlaryň pikirine görä, täze dökün ösümlikleriň azoty özüne has kän siňdirmegini üpjün edip, howa goýberilýän bug gazlarynyň mukdaryny azaldar. Meýdan synaglary Daniýada, Norwegiýada we Angliýada garaşsyz guramalar tarapyndan geçirildi.

Gözegçi robot synag edilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Growmark» oba hojalyk kooperatiwi we «Solinftec» kompaniýasy emeli aň platformasyna esaslanýan nerw ulgamy ornaşdyrylan täze roboty synagdan geçirip başlady. Robot ekin meýdanlarynda gözegçilik geçirip, ýokumlaryň ýetmezçiligi, haşal otlaryň emele gelmegi ýaly meseleleri ýüze çykarýar. Soňra ol ekinde dörän meseleler barada operatora habar berýär. Synaglaryň şu ýylyň ahyryna çenli dowam etmegine garaşylýar.

Saglygymyzy goralyň

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna berk eýeriň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Gadyrly okyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň  öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 20-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12... +14°, gündizine +25... +27° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 30 — 50%. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12... +17°, gündizine +24... +29°, kenarýaka etraplarynda +19... +24° maýyl bolar.

Tutanýerli işlemegiň wezipeleri kesgitlenildi

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi. Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdiler.

Önümleriň görnüşleri 1000-den geçýär

«Täze Aý» önümçilik birleşiginiň düzümindäki hususy kärhanalar elýeterli bahalardan ýokary hilli önümleri öndürmekde diňe bir Mary welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitinde hem adyganlaryň hatarynda tanalýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu önümçilik kärhanasynyň agzybir işgärleriniň birleşen tagallasy bilen öndürilýän önümler bolsa, diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutmak bilen çäklenmän, eýsem, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan ýaly döwletlere-de eksport edilýär.

Suw serişdelerini tygşytlamakda «CropWat» kompýuter programmasynyň ähmiýeti

Suwarymly ekerançylyk ýerlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. BMG-niň Azyk we oba hojalyk edarasy (FAO) şeýle döwrebaplyklaryň biri bolan «CropWat» modelini dünýä ýurtlaryna hödürleýär.

Berekediň başy — bugdaý

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän ýöriteleşdirilen meýdançada halypa mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda birnäçe ylmy işler alnyp barylýar. Alnyp barylýan ylmy işler ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde geçirilýän ýaş alymlaryň bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Bu ylmy-barlag işi üçin bugdaýyň «Ýolöten — 3» we «Batko» sortlary saýlanyp alyndy. Olarda gibridleşdirme geçirmezden öň, seçgi geçirmek bilen, olaryň arassa, sorta mahsus nusgalary seçilip alyndy. Seçgi geçirmekde bu sortlaryň önümliligine, önümli baldaklaryň emele gelşine, boýuna, ösüş döwürlerine, 1000 dänäniň agramyna üns berildi. Gibridleşdirme usuly ulanylanda, şekil emele getirmegiň esasy – genleriň gaýtadan utgaşmasy we transgressiýasydyr. Sortuň enelik we atalyk şekilleri öz nesline alamatlary däl-de, eýsem, şol alamatlary hereketlendirýän genleri geçirýär. Käbir ýagdaýlarda bugdaýyň iki sany gylçyksyz şekilleri çaknyşdyrylanda, ikinji nesilde ¼ mukdarda gylçykly şekiller emele gelýär. Bu ýagdaýda enelik-atalyk şekillerde gylçyklyk alamaty ýokdy, ýöne ol alamaty kesgitleýän resessiw genler bardy. Şeýlelikde, resessiw gomozigota genler gylçyklyk alamaty ýüze çykarýar. Sümmülleri orta uzynlykdaky iki sany bugdaý ýa-da arpa sortlary çaknyşdyrylanda, gibrid neslinde uzyn we gysga sümmülli ösümlikler hem ýüze çykýar. Bu täze emele gelmeler transgressiýa – alamatyň ýüze çy

«Düzmergeniň» pomidorlary

Uly Balkan dagynyň degresindäki mes toprakly Düzmergen ýaýlasynda bina edilen häzirki zaman ýyladyşhananyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýyladyşhananyň önümçilik mümkinçilikleri hususy pudagyň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär. Türkiýe Respublikasynyň, Gollandiýanyň ösen enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler kuwwatly tehnologiýalara, kämil kompýuterlere daýanylýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany 4 gektara, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana täze iş orunlarynyň birbada 60-a golaýyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ýyladyşhanada agrotehniki talaplara laýyk idegi ýetirilen pomidorlary ýygnamak işi «Halkyň

Bioönümler ekinleriň goragynda

Oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek işi köp ugurlaýyn hyzmatlary özünde jemleýär. Şolaryň biri-de, ekinlere zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmekden ybaratdyr. Bu wajyp işiň wagtly-wagtynda geçirilmegi ekinleriň oňat ösüp, boý almagy we hasylynyň ygtybarly goralmagy üçin möhüm zerurlykdygy belli zat. Gubadag etrabyndaky etrabara «Dökünhimiýa» kärhanasyna degişli bolan biolaboratoriýalarda hem ýylyň-ýylyna degişli ugurdan uly işler alnyp barylýar. Bu kärhananyň etrabyň hojalyklarynyň birnäçesinde biolaboratoriýalary bar. Şolaryň biri-de, Gubadag etrap biofabrikasydyr. Kärhananyň işgärleriniň agzybirlikli zähmetleri netijesinde önüm saklanylýan tekjeler birlaý gözden geçirilip, zerur hasaplanylan ýerleri abatlanylyp, reňklenilmegi gazanyldy. Önümleri köpeltmek bilen birlikde, iýmitlendirmek üçin zerur bolan ätiýaçlyklaryň ýeterlikdigini hem bellemeli. Bu ýerde indi köp ýyllardan bäri tejribeli oba hojalyk işgärleri zähmet çekip gelýärler. Bu bolsa bioönümleri taýýarlamak we ekin meýdanlaryna bellenilen kadalara laýyk goýbermek işinde özboluşly täsirini ýetirýär. Biofabrikanyň işgärleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda — 2022-nji ýylyň gowaça meýilnamasy boýunça altyngözlijäniň 3150 million, trihogrammanyň 21000 gramyny, gabrobrakonyň 31500 million sanysyny taýýarlamakda yhlasly zähmet çekýärler. Munuň özi daýhanlar tarapyndan yhlas bilen ýetişdirilen bugdaýdyr gowaça hasyl

Ýagmyr bilen ýer gögerer

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Köňül hoşundadyr» atly goşgusynda «Üç essesi däli derýa...» diýip belleýşi ýaly, Ýer ýüzüniň dörtden üç bölegini tutýan suw tebigatda örän giň ýaýrandyr. Tebigat bilen hemişe sazlaşykly ýaşaýşy alyp baran ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän «Ýagnyň ýagşy gowy» diýen parasatly pähimi uly ähmiýete eýedir. Bereketli toprak bilen bagry badaşan, her bir maşgala ojagynyň mukaddes saçaklarynyň, toý-baýramlarymyzyň, ak bazarlarymyzyň, azyk dükanlarymyzyň bereket bolçulygyny öndürýän tejribeli daýhanlarymyz, öz idedýän mallaryna hemişe «malym — janym» diýip ýüzlenýän tapbiler maldarlarymyz irki ýaz ýagyşlaryny ene topragymyzyň bereket bolçulygynyň çeşmesi diýip hasaplaýarlar.

Ýazyň görki — ýaşyl baglar

Ýylyň dowamynda gök öwüsýän, bezeg üçin ulanylýan gyrymsy agaçlary köpeltmek güýz paslynyň ahyrynda – gyşyň öň ýanynda başlansa, gowy gögeriş alynýar. Sebäbi güýz aýlarynyň ahyrynda howanyň, topragyň ýylylygy aşaklaýar, kökler haýal ösýär. Ösümlige gelýän suw we ýokumly maddalar az bolýar. Bugarma hadysasynyň haýal geçmegi netijesinde gök pudaklary kesip almak, agaçlara şekil bermek işleri ýerine ýetirilýär. Kesilip alnan gök pudaklar ekmek üçin ýygnalýar, taýýarlanýar. Gök pudaklaryň uzynlary kesilýär. Alnan pudajyklarda 5–7 bogun goýulýar. Gök öwüsýän gyrymsy agaçlaryň köpeldilýän ýeri Gün düşýän, ala kölegeli meýdan ýa-da agaçlaryň aşagy bolmaly.

Oba we suw hojalygynda buldozeriň orny

Suw hojalygynda ýerine ýetirýän ýer işleriniň göwrümi boýunça buldozer esasy orny eýeleýär. Bu işlerde buldozere 40 göterim, bir susakly ekskawatora 26 göterim, skrepere 22 göterim, köp susakly ekskawatora 4 göterim, mehanizasiýanyň başga serişdelerine 8 göterim degişlidir. Bu olaryň gurluşynyň ýönekeýligi, işde ygtybarlylygy, topragy dürli şertlerde ulanmak mümkinçiligi, ýokary öndürijiligi bilen düşündirilýär. Buldozer niýetlenilişi boýunça oýlar gazylanda we toprak toplumy göterilip galdyrylanda, suwarymly ýerler, oýlaryň düýbi we eňňitlikler tekizlenende, şeýle hem gurluşyk meýdançalarynda, ýollarda ýerler tekizlenende, bentlere, gaçylara, ýollaryň ugruna we tümmeklere getirilen topraklar düzlenende, gyrymsy uly agaçlardan we agaç köklerinden meýdançalar arassalananda, gurluşyk serişdelerini gazyp almakda we üýşürmekde, maýda däneli ürgün serişdeleri demir ýol platformalaryna ýükläp-düşürmekde, garlary arassalamakda, şeýle hem doly skreperleri itekleýji hökmünde ulanmaga, topragy gazmaga we uzak bolmadyk aralyklara daşamaga abzallaşdyrylan, öňüne süsgüç – işçi enjamy asylan zynjyrly ýa-da tigirli traktordyr.

Diň salamda durnalaryň sesine... (kyssa)

Men ötegçi durnalaryň sesini diýseň gowy görýän. Şonuň üçinem alabaharda durnalaryň gaýdyp gelýän wagty uzakly gün asmana diň salýaryn. Uzak ýoly söküp gelýän ýadaw durnalar bolsa, göwnümi göterjek bolýan ýaly, özleriniň aryp gelýändigine garamazdan, begendirmek üçin obamyzyň deňine ýetenlerinde hasam hoşgylaw gykuwlaşýarlar. Eger bardy-geldi obamyzyň üstünden pessaý uçup gitseler men oňa hasam begenýärin. Sebäbi, olar pessaýlap uçan mahaly uzak gitmän öz sähramyzda gonýarlar. Ýokardan uçsa welin, gör, nirede düşleýändigini bir Alla bilýär. Durnalaryň geçmeýän wagty men olaryň sesine juda meňzeş, Göwher gelnejemiň hüwdi kysmy hiňlenmesine diň salýaryn. Gelnejemiň pessaýdan çykýan mahmal owazy häzirem ýadymda:

Aman bolsa altyn baş — dert bolar bizden daş

Bedenterbiýe bilen işjeň we her gün meşgullanmak umumy adam medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, ruhuny belende göterýär. Çünki hereket — bu ýaşaýyşdyr, bedeniňi berkitmekdir. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan, hereketliligi endik edinse, öz öňünde goýan maksatlaryna ýeter. Maşk etmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek bilen meşgullanmak ýaly gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň immun ulgamyny (kesellere garşy ukybyny) berkidýär. Şunda dürli görnüşdäki hereketleriň hersiniň aýratyn täsiriniň bardygyny unutmaly däldir.

Ak ýollaryň abadançylygy bagtyýarlygyň sakasydyr

Jemgyýetimiziň her bir raýatynyň köçe we ýol hereketiniň düzgünleri boýunça kada-kanunlary dogry we doly ýerine ýetirmek, bu babatdaky borçlaryny berjaý etmek boýunça düşünjesini artdyrmak üçin wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky meseleler her bir şahsyýetiň ýaş aýratynlyklary boýunça kesgitlenilýär. Ýol hadysalarynyň öňüniň alynmagy göz öňünde tutulyp, ýörite ýanýodalar, ýerasty we ýerüsti-köprüli geçelgeler gurulýar. Çagalar bagyndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda we degişli guramalarda şu günler köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek babatda derwaýys işler geçirilýär. Mysal üçin, çagalar baglarynda ýol hereketi bilen bagly dürli oýunlary guramak, olarda gyzyklanma döretmek, suratlary çekip görkezmek, okuwçy we talyp ýaşlara ýoldan geçilende, köçäniň iki tarapyny-da synlap, ünsli we ätiýaçly bolmaklary sargyt edilip, köçe-ýol hereketlerinde ýüze çykýan hadysalar dürli mysallaryň üsti bilen olaryň aňyna ýetirilýär. Köçe we ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek we dogry berjaý etmek diňe bir sürüjä bagly däl. Pyýada ýolagçylar ýörite pyýadalar üçin bellik goýlan ýerlerden geçmelidirler, hereketiň has köp ýerlerinde bolsa, ýerasty we ýerüsti geçelgelerden peýdalanmalydyrlar.