«Haifa group» ekwadorda işini giňeldýär

19 Aprel 2022
738

Ysraýylyň «Haifa Group» kompaniýasy Niderlandlar Patyşalygynyň «Hortocoop» kompaniýasy bilen bu kompaniýanyň Ekwadorda lomaý dökün söwdasyny amala aşyrýan «Horticoop Andina» golçur kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşdy. «Horticoop Andina» eýýäm 12 ýyldan bäri Ekwadorda oba hojalyk dökünlerini lomaý görnüşde paýlamak işi bilen meşgullanýar.

Ylalaşyga görä, kompaniýanyň häzirki ýolbaşçysy Martin Bekholt eýeleýän wezipesinde galar. Ýöne kompaniýanyň ady mundan beýläk «Haifa Ecuador» diýlip atlandyrylýar. Şeýlelikde, täze kompaniýa «Haifa Group-yň» 17-nji golçur kärhanasy bolar.

Myrat KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.