85 göterimi ekine siňer

19 Aprel 2022
715

Norwegiýanyň «N2 Appilied» kompaniýasynyň alymlary plazmanyň kömegi bilen alnan dökünde geçirilen synaglaryň netijesini paýlaşdy. Emele gelen organiki döküniň düzüminde metanyň we ammiagyň bardygy anyklanyldy.

Alymlaryň pikirine görä, täze dökün ösümlikleriň azoty özüne has kän siňdirmegini üpjün edip, howa goýberilýän bug gazlarynyň mukdaryny azaldar. Meýdan synaglary Daniýada, Norwegiýada we Angliýada garaşsyz guramalar tarapyndan geçirildi.

Aýlar GÜÝJIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.